Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 8:21 - Mukaddes Kitap

21 Biz diňe Rebbiň nazarynda däl, eýsem ynsanlaryň nazarynda hem halal işlemäge dyrjaşýandyrys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Биз диңе Реббиң назарында дәл, эйсем ынсанларың назарында хем халал ишлемәге дырҗашяндырыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 8:21
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas pygamber: «Muny ýene bir gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy ikinji gezek gaýtalap guýdular. Ol: «Muny üçünji gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy üçünji gezek guýdular.


Şonda sen Hudaýyň hem adamlaryň nazarynda merhemet we abraý taparsyň.


Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Goý, siziň yşygyňyz adamlaryň öňünde parlasyn, şonda olar gowy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrarlar.


«Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.


Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.


Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň.


Kim Isa Mesihe şeýle hyzmat edýän bolsa, Hudaýy hoşnut edip, adamlaryň hormatyna mynasypdyr.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Biz şeýle uly mukdardaky puly paýlamakda hiç bir aýyplanma sezewar bolmaz ýaly, ätiýajy elden bermeýäris.


Şeýle-de Titusyň ýany bilen ýene-de bir doganymyzy iberýäris. Ol özüniň her dürli işlerde yhlaslydygyny ençeme gezek subut etdi. Size bolan ynamy sebäpli, ol mundan beýläk has-da köp yhlas etmäge taýyndyr.


Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.


Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.


Şonuň üçin-de, men ýaş dul aýallaryň durmuşa çykyp, çaga dogurmaklaryny we öý işlerine gümra bolmaklaryny ündeýärin. Şonda duşmanlarymyzyň olara myjabat atmaga tutarygy bolmaz.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Şeýlelikde, Rut onuň aýagujunda ertire çenli ýatyp, daňdan alagaraňkylykda turdy. Bowaz: «Harmana aýal gelendigi bilinmesin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ