Soňra gije turup, ýanyma birnäçe adam aldym. Iýerusalim hakynda Hudaýymyň kalbyma näme salandygyny hiç kime aýtmadym. Ýanymda münüp barýan eşegimden başga mal ýokdy.
Şunlukda, men şol haty ýazan hem bolsam, ony ne ynjadany ýazgarmak üçin, ne-de ynjadylanyň tarapyny çalmak üçin ýazypdym. Men ony bize edýän yhlasyňyz Hudaýyň huzurynda özüňize-de aýan bolsun diýip ýazypdym.
Biz diňe Titusyň gelmeginden däl, eýsem oňa beren teselliňiz barada eşidip-de, teselli tapdyk. Ol siziň meni küýseýändigiňiz, çuňňur gynanjyňyz, maňa bolan uly yhlasyňyz barada gürrüň berende, begenjim öňküden-de artdy.
Titus babatda şuny aýtmakçy: ol meniň ýoldaşym we siziň araňyzdaky hyzmatdaşymdyr. Iberen doganlarymyz bolsa ýygnaklaryň wekilleri we Isa Mesihiň şöhratydyr.
Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.