Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 8:1 - Mukaddes Kitap

1 Indi bolsa, eý, doganlar, Hudaýyň Makedoniýanyň ýygnaklaryna beren merhemeti barada bilmegiňizi isleýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Инди болса, эй, доганлар, Худайың Македонияның йыгнакларына берен мерхемети барада билмегиңизи ислейәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 8:1
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iki çuwal alan hem gelip: „Hojaýyn! Sen maňa iki çuwal altyn-kümüş beripdiň, ine, men ondan ýene iki çuwal gazandym“ diýýär.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Şol gije Pawlus bir görnüş gördi. Makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup: «Makedoniýa gel, bize kömek et!» diýip ýalbardy.


Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim.


sebäbi Makedoniýadaky we Ahaýadaky ýygnaklar Iýerusalimdäki ýygnagyň mätäçlerine maddy kömegini ibermegi makul gördüler.


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn.


Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar.


Çünki men siziň ýardam etmekdäki yhlasyňyzy bilýärin. Men: «Ahaýa welaýaty geçen ýyldan bäri taýýardyr» diýip, makedoniýalylara siz babatda magtanýaryn. Siziň şeýle yhlasyňyz köpleri höweslendirdi.


Ýogsa makedoniýalylar meniň bilen baryp-da, siziň taýýar däldigiňizi görseler, siz babatda şeýle ynamly gürlänimize gaty utanarys. Siz barada gürrüň-de ýok!


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Hakykatdan-da, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlaryňyzy söýýärsiňiz. Emma şonda-da, eý, doganlar, bu söýgiňizi mundan beýläk has-da artdyryň diýip ýalbarýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ