Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 7:9 - Mukaddes Kitap

9 indi şatlanýaryn. Men siziň gynananyňyza däl-de, şol gynanmaňyz arkaly toba geleniňize şatlanýaryn. Siziň gynanmagyňyz Hudaýdandyr, bizden zyýan gören dälsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 инди шатланярын. Мен сизиң гынананыңыза дәл-де, шол гынанмаңыз аркалы тоба гелениңизе шатланярын. Сизиң гынанмагыңыз Худайдандыр, бизден зыян гөрен дәлсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 7:9
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gussa gülküden ýagşydyr, çünki ýüzüň gamgyn bolmagyndan ýürek gowulanýandyr.


Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.


Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň.


Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».


Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».


Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».


Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur!


Men sizi öz hatym bilen gynandyran-da bolsam, ony ýazanyma asla ökünemok. Hawa, öň ökünipdim, ýöne bu hatyň sizi diňe az wagtlyk gynandyranyny bilip,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ