Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 7:8 - Mukaddes Kitap

8 Men sizi öz hatym bilen gynandyran-da bolsam, ony ýazanyma asla ökünemok. Hawa, öň ökünipdim, ýöne bu hatyň sizi diňe az wagtlyk gynandyranyny bilip,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Мен сизи өз хатым билен гынандыран-да болсам, оны язаныма асла өкүнемок. Хава, өң өкүнипдим, йөне бу хатың сизи диңе аз вагтлык гынандыраныны билип,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 7:8
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder.


Muňa derek bu zatlary aýdanym üçin siziň ýüregiňiz gaýgy-gama batdy.


Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.


Hudaýdan bolan gynanjyň sizde edenlerini bir görüň! Ol sebäpli sizde nähili gaýrat, özüňizi päklemäge nähili yhlas döredi! Ol sizde, gör, nähili uly gahar, gorky, meni görmäge küýseg, yhlas we adalata bolan islegi oýardy. Siz bu meselede hemmetaraplaýyn müýnsüzdigiňizi subut etdiňiz.


Şunlukda, men şol haty ýazan hem bolsam, ony ne ynjadany ýazgarmak üçin, ne-de ynjadylanyň tarapyny çalmak üçin ýazypdym. Men ony bize edýän yhlasyňyz Hudaýyň huzurynda özüňize-de aýan bolsun diýip ýazypdym.


Emma Hudaý göwni çökgünlere teselli berýändir. Ol Titusy ýanymyza iberip, bize hem teselli berdi.


Biz diňe Titusyň gelmeginden däl, eýsem oňa beren teselliňiz barada eşidip-de, teselli tapdyk. Ol siziň meni küýseýändigiňiz, çuňňur gynanjyňyz, maňa bolan uly yhlasyňyz barada gürrüň berende, begenjim öňküden-de artdy.


indi şatlanýaryn. Men siziň gynananyňyza däl-de, şol gynanmaňyz arkaly toba geleniňize şatlanýaryn. Siziň gynanmagyňyz Hudaýdandyr, bizden zyýan gören dälsiňiz.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ