Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 7:15 - Mukaddes Kitap

15 Ol hemmäňiziň maňa tabyndygyňyzy, ony galpyldy we uly hormat bilen kabul edişiňizi ýatlanda, size bolan söýgüsi has hem artýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Ол хеммәңизиң маңа табындыгыңызы, оны галпылды ве улы хормат билен кабул эдишиңизи ятланда, сизе болан сөйгүси хас хем артяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 7:15
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Ýusup howlukmaçlyk bilen ol ýerden çykdy, çünki doganynyň didaryny görüp, onuň damagy doldy. Ol öz içki otagyna geçip aglady.


Emma çagasy diri galan aýal: «Eý, jenabym, çagany oňa beriň; ony asla öldürmäň!» diýýär. Çünki ol aýalyň öz ogluna rehimi indi. Ýöne beýleki aýal: «Ol meniňki hem bolmasyn, seniňki hem bolmasyn, ony ikä bölüň» diýýär.


Onsoň Ýahudanyň we Benýaminiň ähli adamlary üç günüň içinde Iýerusalime ýygnandylar. Bu dokuzynjy aýyň ýigriminji günüdi. Ähli adamlar bu işiň wajyplygyndan we güýçli ýagyşdan ýaňa galpyldaşyp, Hudaýyň ybadathanasynyň öňündäki açyk meýdançada oturdylar.


Sürgünden gaýdyp gelenleriň bu eden hyýanaty sebäpli, Ysraýyl Hudaýynyň aýdan sözlerinden gorkup sandyraşýanlaryň bary meniň daşyma üýşdüler. Men agşam gurbanlygyna çenli gaýgy-gama batyp oturdym.


Derdimi ýada salanymda, galagoplanýaryn, süňňüme galpyldy aralaşýar.


Rebbe gulluk ediň siz gorky bilen: hem galpyldaň, hem-de şatlanyň.


Elini gapy deşiginden uzatdy ýarym, yşkym oňa galkyndy.


Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Efraýym geplände, adamlar titreşdi. Onuň Ysraýylda mertebesi beýgeldi. Ýöne Bagal butuna sežde etmekden günäli bolup öldi.


Aýal dogurjak wagty agyry çekýändir, sebäbi aýy-güni dolandyr. Emma çaga doglandan soň, ol çaganyň dünýä inenliginiň şatlygy bilen gaýgy-gussany unudar.


Baş gözegçi çyra getirdip, içeri kürsäp girdi. Ol sandyrap baryp, Pawlus bilen Silasyň aýagyna ýykyldy.


Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym.


Şoňa görä-de, men şol haty sizi synamak we her bir zatda tabyn bolup-bolmaýanlygyňyzy bilmek üçin ýazdym.


Sizden söýgimizi aýamasak-da, siz bizden öz söýgiňizi aýaýarsyňyz.


Eý, gullar, ýerdäki hojaýynyňyzyň sözüne edil Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky we titreme bilen çyn ýürekden gulak asyň.


Men sizi görmäge intizardygyma we Isa Mesihiň söýgüsi bilen söýýändigime Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


Şonuň üçin hem, eý, Hudaýyň saýlan mukaddes hem eziz halky! Rehim-şepagata, mähribanlyga, pespällige, ýumşaklyga we sabyr-takatlylyga besleniň.


Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony göz astyna alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň.


Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ