Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 7:13 - Mukaddes Kitap

13 Hakyky, bularyň bary bize teselli berdi. Siz Titusy begendirip, onuň köňlüne teselli beripsiňiz. Biz onuň begenjini görenimizde, muňa öz begenjimizden-de köp begendik.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Хакыкы, буларың бары бизе теселли берди. Сиз Титусы бегендирип, онуң көңлүне теселли берипсиңиз. Биз онуң бегенҗини гөренимизде, муңа өз бегенҗимизден-де көп бегендик.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 7:13
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.


Onsoň, Hudaý ýol berse, ýanyňyza şatlyk bilen baryp, siziň bilen biraz dynç alaryn.


Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.


Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň.


Olar siziň köňlüňize aram berişleri ýaly, meniň köňlüme-de aram berýärler. Şeýle adamlaryň gadyryny biliň.


Muňa garamazdan, köňlüm rahat däldi, sebäbi men ol ýerde doganym Titusy tapmadym. Şonuň üçin-de, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugradym.


Şoňa görä-de, baranymda meni şatlandyrmaly adamlar göwnümi gamlandyrmasyn diýip, şol haty ýazdym. Meniň şatlygyma siziň-de şatlanjakdygyňyza berk ynanýaryn.


Men onuň ýanynda siz babatda öwnüpdim, siz-de meniň ýüzümi ýere salmadyňyz. Size aýdanlarymyzyň elmydama hakykat bolşy ýaly, Titusyň öňündäki magtanjymyzyň hem hakykatdygy subut boldy.


Ol hemmäňiziň maňa tabyndygyňyzy, ony galpyldy we uly hormat bilen kabul edişiňizi ýatlanda, size bolan söýgüsi has hem artýar.


Emma Hudaý göwni çökgünlere teselli berýändir. Ol Titusy ýanymyza iberip, bize hem teselli berdi.


Şoňa görä-de, siz Epafroditi görüp, gaýtadan begenersiňiz, meniň-de gaýgy-hasratym ýeňlär diýip, ony ýanyňyza örän iberesim geldi.


Goý, Rebbimiz Onisiforyň öý-içersine rehimdarlyk etsin. Sebäbi ol ençeme gezek maňa göwünlik berip, meniň tussaglygymdan utanmady.


Şoňa görä-de, eý, dogan, Rebbiň haky üçin maňa ýardam et. Mesihiň hatyrasy üçin göwnümi galkyndyr.


Eý, doganym, sen Hudaýyň halkyny söýüp, onuň göwnüni galkyndyrdyň. Bu meni şatlyga besläp, ýüregime teselli berdi.


Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ