Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 6:18 - Mukaddes Kitap

18 «Men size Ata bolaryn siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 «Мен сизе Ата боларын сиз хем Мениң огул-гызларым боларсыңыз». Муны Хөкмүрован Реб диййәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 6:18
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli Hudaý Kengan topragynda, Luzda maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi.


Men oňa Ata, ol bolsa Maňa ogul bolar. Günä gazanaýsa welin, ony atanyň ogluny taýak bilen jezalandyryşy ýaly, Men hem ony jezalandyraryn.


Men oňa Ata bolaryn, ol bolsa Maňa ogul bolar. Senden öň bolan Şawuly mahrum edişim ýaly, ony Öz sadyk söýgimden mahrum etmerin.


Demirgazyga: „Olary ber“, günorta: „Olary saklama“ diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden,


Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.


«Şol döwürde Men ähli Ysraýyl tireleriniň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Ol Özüni kabul edip, adyna iman edenleriň hemmesine Hudaýyň perzentleri bolmak hukugyny berdi.


Hudaýyň Öz perzentleriniň şöhratyny aýan etjek pursadyna bütin ýaradylyş hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar.


Çünki Hudaý olary ezelden saýlap-seçdi we Ogluna meňzetmegi owaldan karar etdi. Ol muny Isa Mesihiň köp sanly doganlarynyň arasynda nowbahar bolmagy üçin amal etdi.


Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz.


Ol Isa Mesih arkaly bizi ogullyga almak barada owaldan karara gelipdi. Bu Onuň göwnüne ýarap, yradasy bilen boldy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


Men bu şäherde ybadathana görmedim. Çünki Hökmürowan Reb Hudaý we Guzy şäheriň ybadathanasydyr.


Ýeňen, ine, bularyň baryny miras alar. Men onuň Hudaýy bolaryn, ol hem Meniň perzendim bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ