Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 6:14 - Mukaddes Kitap

14 Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Иман этмедиклер билен бир боюнтырыга гирмәң! Догрулыгың пислик билен нәме шәриклиги бар? Я-да нур билен түмлүгиң нәме умумылыгы бар?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 6:14
44 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas bütin halka golaý gelip, şeýle diýdi: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň». Halk oňa hiç hili jogap gaýtarmady.


Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapadyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.


Olar aýallaryny aýyrjakdyklaryna ant içip, ýazyklary üçin sürüden bir goç alyp, ýazyk gurbanlygyny berdiler.


Ol çöli öwürýär kak köllerine, gurak topragy – suw gözbaşyna.


Sen meniň niýetlerimi ykjam barladyň, gijäniň dowamynda meni synadyň, emma menden ýazyk tapmadyň; günäli zady aýtmazlygy ýüregime düwdüm.


Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler.


Olaryň ýollaryna öwrenişip, janyňy duzaga düşürmeziň üçin, gaharjaň adam bilen tirkeşme, gyzma adam bilen gatnaşyk açma.


Adalatsyz adam dogruçyllara ýigrenjidir, dogry adam hem erbetlere ýigrenjidir.


Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy başga görnüşdäki mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.


Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy.


Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Petrus bilen Ýohanna boşanlaryndan soň, dostlarynyň ýanyna gaýdyp bardylar we ýolbaşçy ruhanylaryň, ýaşulularyň özlerine aýdanlarynyň baryny olara habar berdiler.


Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.


Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr.


Men size azgyn adamlar bilen gatnaşmaň diýip öň ýazypdym.


Tersine, dogan dogany bilen kazyýetde dawalaşýar. Munuň üstesine-de, olar muny imansyzlaryň öňünde edýärler!


Aýal äri ölýänçä, oňa baglydyr. Äri ölse, öz islänine barmaga ygtyýarlydyr. Ýöne onuň barjagy Rebbe iman edýän bolmalydyr.


Şonda siz egri we azgyn nesliň arasynda edil älemdäki ýyldyzlar dek parlaýan, Hudaýyň aýypsyz, päk we müýnsüz çagalary bolarsyňyz.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ