Ýaňky adam gelmezinden öň, agşam Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ertesi irden ýaňky adam ýanyma gelmänkä, Reb maňa dil bitirdi. Dilim açyldy, indi men lal däldim.
Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.
Sinagoga baştutany Krispus tutuş öý-içersi bilen bile Rebbe iman etdi. Pawlusy diňlän ençeme korintoslylar hem iman edip, Isanyň ady bilen suwa çümdürildiler.
Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn!
Her gezek geplänimde, gerekli sözler berilsin diýip, meniň üçinem Hudaýdan diläň. Şonda men Hoş Habar baradaky syry batyrgaýlyk bilen aç-açan wagyz ederin.
Eý, filipililer! Men Makedoniýadan çykyp gaýdyp, Hoş Habary ilki-ilkiler wagyz edip başlan döwrümde siziň ýygnagyňyzdan başga ýygnak maňa maddy kömegini beren däldir. Muny siziň özüňiz-de bilýänsiňiz.
Onsoň Hanna Rebbe dileg etdi: «Reb kalbymy şatlyga besledi, Reb bilime kuwwat berdi. Seniň halas edeniň üçin, men şadyýan! Duşmanlarymyň üstünden gülýän.