Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Биз Худайың ишдешлери хөкмүнде сизе ялбарярыс: Ондан алан мерхеметиңизи харламаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 6:1
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Nädip siz muny aýdyp bilýäňiz: „Biz akylly, Rebbiň kanuny bizdedir“? Hakykatda, bu kanuny ýalana öwren hilegär kanunçylaryň galamydyr.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi.


Pawlus bilen Barnap bu ýerde uzak wagt galyp, Reb Isa hakynda batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler. Isa hem olara alamatlar we mugjyzalar görkezmek başarnygyny berip, Öz merhemeti baradaky habary olar arkaly tassyklady.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz.


Men, Pawlus, hawa, araňyzdakam ýumşak, sizden uzakdakam berk hasaplaýan şol Pawlusyňyz, Isa Mesihiň ýumşaklygy we mähribanlygy bilen haýyş edip,


Men Hudaýyň merhemetini inkär etmeýärin. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bolýan bolsady, onda Mesihiň ölümi biderek bolardy».


Eýsem başdan geçirenleriňiziň bary biderek bolaýdymyka? Wah, elbetde biderek däl!


Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum.


Çünki Hudaýyň hemmeleri halas edýän merhemeti äşgär boldy.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Üns beriň, özüňize gepleýän Hudaýdan ýüz öwürmäň! Özlerine ýerde Gepläni ret edenlerinde, gaçyp gutulyp bilmedik bolsalar, onda biz gökde Gepländen ýüz öwräýsek, jezadan asla gutulmajakdygymyz mese-mälim görnüp dur ahyry.


Hudaýyň dynçlyk mekanyna girmek hakyndaky wadasy henizem güýjüni saklaýandyr. Şonuň üçin-de, hüşgär boluň, araňyzdan hiç kim dynçlyk mekanyna girmekden mahrum bolmasyn.


Hudaý siziň her biriňize dürli ruhy peşgeşler berdi. Olary biri-biriňize hyzmat etmek üçin ulanyň.


Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ