Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 5:20 - Mukaddes Kitap

20 Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Шоңа гөрә-де, биз Иса Месихиң илчилеридирис. Худай биз аркалы йүзленйәр. Биз сизе Месихиң хатырасына ялбарярыс: Худай билен ярашың!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 5:20
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Reb şonda-da ähli pygamberler we görgürler arkaly ysraýyl we ýahuda halklaryna duýduryş berip, şeýle diýipdi: «Siz bu pis ýollaryňyzdan dönüň, atalaryňyza tabşyran, gullarym pygamberler arkaly size ýollan kanunyma görä Meniň tabşyryklarymy we parzlarymy berjaý ediň».


Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi.


Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.


Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol, şonda haýyr taparsyň.


Ýöne müňlerden bir perişde araçy bolup, ynsana dogruçyllygy aýan etmäge gelse,


Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn, menem toprakdan ýaradyldym.


Erbet ilçi başa bela getirýär, sadyk ilçi bolsa şypa getirýär.


Ýa-da ol pena yzlap, Maňa ýapyşsyn, Meniň bilen ýaraşyk etsin, ýaraşyk etsin Meniň bilen.


Ýermeýa şeýle diýdi: «Eline bermezler. Özüňe aýdan zatlarym babatda sen Rebbe gulak goý ahyry. Şonda özüň üçin ýagşy bolar, diri galarsyň.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimi iberip: „Bu nejis işi etmäň, Men ony ýigrenýärin“ diýdim.


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Onsoň jenap hyzmatkärine: „Öýüm dolar ýaly, obalara, onuň daş-töweregindäki meýdanlara aýlan-da, adamlary geler ýaly et“ diýýär.


Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi.


Çünki duşmankak Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, onda Onuň ömri arkaly halas ediljegimiz hem gürrüňsizdir.


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Sebäbi men Hoş Habaryň zynjyrlar bilen baglanan ilçisidirin. Muny gorkman, bolmalysy ýaly yglan edip bilmegim üçin dileg ediň.


Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ