Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 5:17 - Mukaddes Kitap

17 Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Шоңа гөрә-де, ким Иса Месихе дегишли болса, ол тәзе ярадылышдыр. Көнеси гечип гитди, инди тәзеси гелди!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 5:17
46 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men bolsa Hudaýyň öýündäki gök öwüsýän zeýtun agajy ýaly; Hudaýyň sadyk söýgüsine ebedi we baky baglaýan bili.


Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.


Olaryň ýüregini bir ederin, täze ruh bererin. Içlerindäki daş ýüregi aýryp, olara etden bolan ýürek bererin.


Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz?


Size täze ýürek bererin, içiňize täze ruh salaryn. Daşdan bolan ýüregi göwräňizden çykaryp, size etden bolan ýürek bererin.


Oňat agaç ekiň, onuň miwesi-de oňat bolar, erbet agaç ekseňiz, erbet miwe alarsyňyz, sebäbi agaç miwesinden tanalýandyr.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr.


Şol gün Meniň Atadadygymy, siziň Mendedigiňizi, Meniň-de sizdedigime göz ýetirersiňiz.


Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar.


Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz.


Men olardadyryn, Sen bolsa Mendesiň. Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä biler ýaly, olar bütewi birlikde bolsunlar.


Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.


Isa şeýle jogap berdi: «Hakykatdan hem, suwdan we Mukaddes Ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyna girip bilmez.


Mesihiň sadyk şägirdi Apelä salam aýdyň. Aristobulyň öý-içersine hem salam aýdyň.


Tiredeşim Hirodiýuna salam aýdyň. Narkusyň içersinden Rebbe iman edýänlere salam aýdyň.


Isa Mesihe hyzmat edýän işdeşlerim Priska we Akila salam aýdyň.


Meniň bilen tussaglykda bolan tiredeşlerim Andronik bilen Ýuniýa salam aýdyň. Olar resullaryň arasynda at-abraý gazanyp, Mesihe menden öň iman edipdiler.


Isa Mesihe hyzmat edýän işdeşlerim Urbana, eziz dostum Ystaha salam aýdyň.


Emma biz özümizi tussaglykda saklan Kanun babatda ölüp, ondan azat edildik. Biz indi Kanuna tabyn bolan köne ýörelgä görä däl-de, eýsem Mukaddes Ruha eýerýän täze ýörelgä görä Hudaýa hyzmat edip bileris.


Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Men çagakam, çaga ýaly gürleýärdim, çaga ýaly oýlanýardym, çaga ýaly pikir ýöredýärdim. Emma ulalyp kemala gelenimde, çagalyk ýörelgelerini taşladym.


Men Mesihiň bir şägirdini tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal gökleriň gögüne äkidildi. Bu ahwal bedende ýa-da bedenden daşarda bolupmy – bilemok, muny Hudaý bilýär.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Çünki ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe täze ýaradylyş ähmiýetlidir.


Sebäbi Hudaý bizi Isa Mesih arkaly ýaratdy. Ol bizi owaldan taýýarlap goýan ýagşy işlerini etmegimiz üçin ýaratdy.


Ol Töwradyň kanunlaryny we däp-dessurlaryny ýatyrdy-da, iki halky birleşdirip, täze bir halk ýaratdy we parahatçylygy berkarar etdi.


Isa Mesih arkaly Hudaýyň halkyna degişli bolanlaryň baryna salam aýdyň. Meniň ýanymdaky doganlar size salam aýdýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ