Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 5:15 - Mukaddes Kitap

15 Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Хава, Иса Месих хеммелериң угрунда өлди. Ол муны яшаянлар инди өзлери үчин дәл-де, оларың угрунда өлен ве дирелен Месих үчин яшасынлар дийип этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 5:15
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Nagaman şeýle diýdi: «Eger peşgeşi kabul etmejek bolsaňyz, onda, goý, bu guluňa Ysraýyldan iki gatyr ýüki toprak berilsin, çünki bu guluň mundan beýläk diňe Rebbe sadakalar we ýakma gurbanlyklaryny hödürlär.


Men gapdalyňdan geçenimde, seniň öz ganyňa bulaşyp ýatanyňy görüp: ‘Diri gal!’ diýdim.


Onsoň Men sizi ruhum bilen dolduraryn, siz direlersiňiz. Men sizi öz ýurduňyzda ýerleşdirerin. Onsoň muny Men-Rebbiň aýdandygyny we ýerine hem ýetirjekdigimi bilersiňiz». Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“».


Sered-ä olaryň tekepbirligine! Olaryň niýeti betpäl, emma dogruçyl iman bilen ýaşar».


Milletler arasyna olary tohum deý sepdim, emma olar Meni uzak ýurtlarda ýatlarlar. Çagalary bilen aman galyp dolanyp gelerler.


Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge, ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz, mukaddeslik hem dogrulyk bilen gulluk etmäge mümkinçilik berdi.


Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir.


Meni Diri Ata iberdi we Men Ol arkaly ýaşaýaryn. Edil şunuň ýaly, Menden iýmitlenýän-de Men arkaly ýaşar.


Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.


Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.


Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris?


Biz mundan beýläk günäniň guly bolmaz ýaly, köne tebigatymyzyň Isa Mesih bilen haça çüýlenendigini bilýäris. Biz indi günäniň boýuntyrygyndan boşandyk.


Eger Isa Mesih kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, onda günä zerarly ölmeli bolsaňyz-da, Mukaddes Ruh size ýaşaýyş berer, sebäbi siz Hudaýyň huzurynda aklanansyňyz.


Sebäbi ýaşaýyş berýän Mukaddes Ruh meni Isa Mesih arkaly günäniň we ölümiň ygtyýaryndan azat etdi.


Ynsan höweslerinden döreýän pikirler adamy ölüme eltýär. Mukaddes Ruhdan döreýän pikirler bolsa ýaşaýyş we parahatlyk berýär.


Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Mukaddes Ruh bize täze ýaşaýyş berýär. Şoňa görä-de, geliň Oňa eýereliň.


Şonuň üçin Rebbiň adyndan size şuny buýurýaryn: mundan beýläk keseki milletler ýaly boş düşünjeler bilen ýaşamaň.


Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar».


Siz çümdüriliş arkaly Mesih bilen bile jaýlandyňyz we Ony ölümden direlden Hudaýyň gudratyna iman edip, Mesih bilen birlikde direldiňiz.


Şeýlelikde, Mesih bilen direlendigiňize görä, göklerdäki zatlary agtaryň. Mesih gökde Hudaýyň sagynda oturandyr.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Näme etseňiz, ynsanlar üçin däl-de, Reb üçin edýän ýaly, çyn ýürekden ýerine ýetiriň.


Isa Mesih biziň üçin öldi. Ol muny biz ýaşasak-da, ölsek-de, Onuň bilen ýaşap bilmegimiz üçin etdi.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Şonuň üçin hem Hoş Habar hatda ölülere-de wagyz edildi. Olar hem ähli ynsanlar ýaly durmuşynda eden işleri üçin höküm edilen bolsalar-da, Hudaýyň Ruhy arkaly ýaşap bilerler.


Bize Hudaýyň söýgüsi, ine, şundan aýan boldy: Hudaý bize ýaşaýyş bermek üçin, Özüniň ýeke-täk Ogluny dünýä iberip, Öz söýgüsini aýan etdi.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ