Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 5:11 - Mukaddes Kitap

11 Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Биз Худайдан горкмагың нәмедигини биленимиз үчин, башгалары хем тоба этмелидиги барасында ынандырҗак болярыс. Бизиң нәхилидигимиз Худая әшгәрдир. Бу сизиң ынсабыңыза хем әшгәрдир диен умыдым бар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 5:11
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady.


Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär.


Çünki Hudaýdan geljek betbagtçylykdan gorkdum, beýikliginden ýaňa Onuň huzurynda durup bilmezdim.


Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.


Wagşy haýwanlara berme Öz gumryň janyny, ebedilik unutma pukaralaryň ýaşaýşyny.


Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:


Seni ähli ýollaryňda goramak üçin, perişdelerine sen babatda Ol emr eder.


Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler.


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar».


Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.


Ybraýym oňa: „Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».


Sinagogadaky halk gidenden soň, ýahudylaryň we ýahudy dinini kabul edenleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabyň yzyna düşdüler. Pawlus bilen Barnap olara hemişe Hudaýyň merhemeti bilen ýaşamaklaryny öwüt-nesihat etdiler.


Olar: «Bu adam kanuna garşy ýollar bilen halky Hudaýa sežde etmäge yrýar» diýdiler.


Pawlus her Sabat güni sinagogada Hoş Habar hakda pikir alşyp, ýahudylary we grekleri ynandyrmaga çalyşýardy.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


Bu zatlardan patyşamyň habarlydygy üçin, men oňa arkaýyn gepleýärin. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine men ynanýaryn, sebäbi bular gizlin edilen däldir.


Şeýlelikde, olar Pawlus bilen duşuşyk gününi belleşdiler. Şol gün onuň bolýan ýerine juda köp adam geldi. Pawlus ertirden agşama çenli olara Hudaýyň Şalygyny düşündirip, wagyz etdi. Mundan başga-da olary ynandyryp, Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan Isa dogrusynda ynandyryjy deliller getirdi.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Şunlukda, men kimiň göwnünden turmakçy bolýaryn: adamlaryňmy ýa-da Hudaýyň? Eýsem men adamlara ýaranjak bolýarynmy? Eger men adamlara ýaranmakçy bolsadym, onda Mesihiň hyzmatçysy bolmazdym.


Isa Mesihe hormat goýmak bilen biri-biriňize tabyn boluň.


Başgalary gelejekki jeza odundan halas ediň. Käbirlerine bolsa, Hudaýdan gorkmak bilen rehim ediň, ýöne hüşgär boluň, olaryň durmuşyny harama öwren günäni ýigreniň.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ