Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Бизиң шинди яшаян паны чадырымыз, ягны беденимиз хер хачан вейран болса-да, гөкде эл билен ясалмадык, Худайың тайынлан бакы месгенимизиң бардыгыны билйәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 5:1
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň».


Meni galdyryp, ýele kowaladýaň, gaý içinde derbi-dagyn edýäň.


Onsoň Ol toprakdan ýaradylan ynsana neneň ynam etsin! Olaryň esasy tozdandyr, olar güýeden tiz gyrylýandyrlar.


Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem lira! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.


Öýüm çopanyň çadyry kimin sogrulyp, elimden alyndy. Ömrümi dokmaçy kimin kesdim, Reb meni erişden kesdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.


«Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler.


Emma Beýik Hudaý ynsan eli bilen gurlan jaýlarda ýaşamaýar. Pygamberiň aýdyşy ýaly,


Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz.


Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir.


Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris.


Siz Onuň bilen birleşmek arkaly sünnet hem edildiňiz. Bu beden sünneti däl-de, Mesih arkaly edilen sünnet bolup, günäli tebigatyňyzyň kesilip taşlanmagydyr.


Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn.


Çünki Ybraýym Hudaý tarapyndan bina edilýän we gurulýan berk binýatly şähere garaşýardy.


Mesih indi amala aşan ähli oňat zatlaryň Baş Ruhanysy bolup geldi. Ol ynsan eli bilen gurulmadyk, bu dünýäniň ýaradylyşyndan bolmadyk has beýik we kämil çadyra girdi.


Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi.


Şeýle hem size gökde saklanýan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz miras berdi.


Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.


Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.


Şonda biz özümiziň hakykata degişlidigimizi bileris we Hudaýyň huzurynda biziň wyždanymyz päk bolar. Eger wyždanymyz bizi ýazgaraýsa-da, Hudaý ondan beýikdir, Ol hemme zady bilýändir.


Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ