Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar.
Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da,
Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.
Biz görgüdir muşakgatlary çekýäris, yzarlanmalara, açlyga, mätäçlige duçar bolýarys, howp-hatara we ölüm howpuna sezewar edilýäris. Eýsem bularyň bary bizi Isa Mesihiň söýgüsinden aýryp bilermi? Elbetde, ýok! Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: