Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Биз хазыналары өзүнде саклаян тоюн күйзелер киминдирис. Шонуң үчин-де, бу аҗайып гудратың бизден дәл-де, Худайдандыгы әшгәрдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 4:7
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýadyňa sal! Sen meni toprakdan ýaratdyň, indi ýene-de topraga öwürjekmi meni?


Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn, menem toprakdan ýaradyldym.


Onsoň Ol toprakdan ýaradylan ynsana neneň ynam etsin! Olaryň esasy tozdandyr, olar güýeden tiz gyrylýandyrlar.


Sionyň jandan eziz çagalary sap altyndan-da gymmatlydy! Wah, indi küýzegäriň eliniň işi gury bir toýna deň bolup galdy!


«Gögüň Şalygy ekin meýdanynda gizlenen hazyna meňzeýändir. Bir adam ony tapyp alýar, soňra ony gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdany satyn alýar.


Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady.


Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýşyna hem şärikdiris.


Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.


Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.


ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


Hudaý bu syryň şöhratly baýlygyny milletleriň arasynda Öz halkyna bildirmek isledi. Bu syr size şöhrata gowuşmak umydyny berip, araňyzda bolýan Isa Mesihdir.


Siz çümdüriliş arkaly Mesih bilen bile jaýlandyňyz we Ony ölümden direlden Hudaýyň gudratyna iman edip, Mesih bilen birlikde direldiňiz.


Çünki akyldarlygyň hem bilimiň ähli hazynasy Mesihde gizlenendir.


her kes öz bedenine päklik we abraý bilen eýelik etsin,


Uly hojalykdaky gaplaryň ählisi altyndan we kümüşden däldir. Olaryň arasynda agaçdan, toýundan ýasalanlary hem bardyr. Olaryň käbiri dabaraly, käbiri bolsa adaty maksatlar üçin ulanylýandyr.


Reb Gidegona: «Seniň ýanyňdaky goşun Meniň midýanlary siziň eliňize bererimden juda köp. Ýogsam, ysraýyllar: „Öz güýjümiz bilen halas bolduk“ diýşip, Meniň öňümde öwnerler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ