2 Korintoslylar 4:6 - Mukaddes Kitap6 Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап6 Чүнки «Түмлүкде нур парласын» диен Худай бизиң-де йүреклеримизи ягтыландырып, Иса Месихиң йүзүнде парлаян Өз шөхратыны бизе танатды. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Hudaýyň Öz çagyranlaryna beren umydyna, halkyna eçilen şöhratly mirasynyň baýlygyna we biz iman edenlere görkezen deňsiz-taýsyz gudratyna göz ýetirmegiňiz üçin, goý, Ol ýüregiňiziň gatyny nurlandyrsyn diýip dileg edýärin. Bu gudrat Hudaýyň Mesihi direldip, gökde Öz sagynda oturdan güýjüne meňzeşdir.
Kim öň bir gezek Hudaýdan nurlanyp, gögüň peşgeşini alandan soňam, şeýle hem Mukaddes Ruha şärik bolup, Hudaýyň Hoş Habarynyň ýagşylygyny dadyp, geljekki döwrüň gudratyny görenden soňam, Hudaýdan ýüz öwrüp, ýoldan çyksa, ony täzeden toba getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ol adam Hudaýyň Ogluny gaýtadan haça çüýläp, ile ryswa edýändir.