Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Биз айыплы боланы үчин гизлинликде эдилйән ишлери рет этдик. Кеззаплык этмейәрис, Худайың Хош Хабарыны ёймаярыс. Терсине, хакыкаты ач-ачан ыглан эдип, Худайың хузурында хеммелериң өңүнде җогап бермәге тайындырыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 4:2
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýas pygamber: «Muny ýene bir gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy ikinji gezek gaýtalap guýdular. Ol: «Muny üçünji gezek gaýtalaň» diýdi. Olar suwy üçünji gezek guýdular.


Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär.


Ozal eden işleriňizden, ýagny şindi utanýan işleriňizden näme bähbit gördüňiz? Şeýle işleriň soňy ölümdir.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Ine, biz şuňa buýsanýarys: biz her kes, ylaýta-da siz babatda Hudaýyň beren göwnaçyklygy we päk ýürekliligi bilen hereket edýäris. Biz muny ynsan danalygyna däl-de, Hudaýyň merhemetine daýanyp edýäris. Muňa biziň ynsabymyz-da şaýatdyr.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Men gepe çeper bolmasam-da, bilime baýdyryn. Biz muny ähli zatda size aýdyň görkezendiris.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar.


Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de – biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris.


Men onuň ýanynda siz babatda öwnüpdim, siz-de meniň ýüzümi ýere salmadyňyz. Size aýdanlarymyzyň elmydama hakykat bolşy ýaly, Titusyň öňündäki magtanjymyzyň hem hakykatdygy subut boldy.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Olaryň edýän gizlin işleri hakda hatda söz açmak-da aýypdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ