Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 4:17 - Mukaddes Kitap

17 Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Чүнки еңил ве вагтлайын мушакгатларымыз бизе җуда аҗайып, бейик ве бакы шөхрат газандырар. Шонда бу мушакгатлар эдил болмадык ялы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 4:17
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.


Geliň, eý, halkym, otaglaryňyza giriň-de, içinden ýapyň gapylary! Gazap geçýänçä, az salym gizleniň.


Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.


Özüne umyt baglaýanlar üçin şeýle işleri eden Hudaýy owaldan bäri ne gulak eşidipdi, ne-de göz görüpdi.


Emma aýal günäli bolman tämiz bolsa, oňa hiç hili zeper etmez we ýene-de çaga dogrup biler.


Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.


Şol gün şatlanyň, begençden bökjekläň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň ata-babalary-da pygamberlere şeýle daradylar.


Emma Mukaddes Ruh maňa her şäherde zynjyrlara we muşakgatlara duçar boljakdygymy duýdurýar.


Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.


Meniň pikirimçe, şu wagtky görgülerimizi bize aýan boljak gelejekki şöhrat bilen deňeşdirip-de bolmaz.


Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär.


Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.


Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin Onuň taýynlan zatlaryny ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi, ne-de ynsan akyly çaklapdy».


Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.


sebäbi doga-dilegleriňiz we Isa Mesihiň Ruhunyň kömegi arkaly bu külpetleriň maňa azatlyk getirjekdigini bilýärin.


Biz Hudaýyň ýygnaklarynyň arasynda siz babatda magtanýarys. Sebäbi siz yzarlanyp, görgi baryny görseňiz-de, imanda berk durup, olaryň ählisine çydaýarsyňyz.


Hudaý adalatlydyr. Ol size jebir çekdirýänlere jebir berer,


Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz gelýärin.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ