Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Bularyň bary siziň üçin edilýär. Şeýdip Hudaýyň merhemeti köpden-köp adamlara ýetip, olaryň şükürlerini artdyrar we Hudaýyň şöhratyny has-da beýgelder.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Буларың бары сизиң үчин эдилйәр. Шейдип Худайың мерхемети көпден-көп адамлара етип, оларың шүкүрлерини артдырар ве Худайың шөхратыны хас-да бейгелдер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 4:15
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.


Biz Hudaýy söýýänler we Onuň maksadyna görä çagyrylanlar üçin hemme zadyň olaryň peýdasyna edilýändigini bilýäris.


Men azat bolsam-da, her kesi gazanjak bolup, hemmeleriň guly boldum.


Mundan başga-da, ol ýygnaklar tarapyndan saýlanyp, hemaýat kömegini Iýerusalime äkitmek üçin bize ýoldaş bellendi. Biziň bu haýyrly işimiz Rebbi şöhratlandyryp, ýardam etmekdäki yhlasymyzy görkezýändir.


Olar Hudaýyň meni özgerdenini görüp, Ony şöhratlandyrdylar.


Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn.


Rebbimiz Isa Mesihiň çäksiz merhemeti, söýgüsi we Onuň beren imany üstüme boldan-bol ýagdy.


Ine, hut şu sebäpden, saýlananlar hem baky şöhrat bilen birlikde Isa Mesih arkaly halas bolar ýaly, olaryň hatyrasyna ähli zada döz gelýärin.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ