Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.
Biz Mesihe bolan imanymyzyň hatyrasyna akmakdyrys, siz bolsa Mesihiň saýasynda paýhaslysyňyz! Biz ejiz, siz bolsa güýçlüsiňiz! Siz at-abraýly, biz bolsa biabraýdyrys!
Siziň Rebbe edýän imanyňyz we hyzmatyňyz Oňa bagyş edilen gurbanlyk kimindir. Eger-de meniň şindi çekýän jebirlerim bu gurbanlyga goşulsa, men şatdyryn. Men hemmäňiziň şatlygyňyza şärikdirin.
Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys.