Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 4:10 - Mukaddes Kitap

10 Isa Mesihiň ýaşaýşy bedenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini elmydama bedenimizde göterýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Иса Месихиң яшайшы беденимизде аян болсун дийип, Онуң өлүмини элмыдама беденимизде гөтерйәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 4:10
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz.


Biz Mesihiň ölüminde Onuň bilen birigen bolsak, onda direlişinde-de Onuň bilen birigeris.


Eger biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys.


«Biz her gün Seniň üçin öldürilýäris, damagy çalynjak goýun saýylýarys».


Çünki Isa Mesihiň görgüleriniň durmuşymyzda artdygysaýy, Ol arkaly Hudaýdan alýan tesellimiz-de artýandyr.


Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy.


Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýşyna hem şärikdiris.


Biziň pany bedenimizde Isa Mesihiň ýaşaýşy aýan bolsun diýip, bizi, ýagny dirileri elmydama Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrýarlar.


Mundan beýläk hiç kim maňa şu zatlar babatda azar bermesin! Sebäbi meniň bedenimde Isa Mesihe degişlidigimi görkezýän ýara yzlary bardyr.


Men siziň ugruňyzda görýän görgülerime begenýärin. Şeýle-de men Isa Mesihiň Öz bedeni, ýagny imanlylar ýygnagynyň hatyrasyna çeken ejirleriniň öz bedenimde dowam edýändiginden hoşaldyryn.


Ine, şu sözler örän dogry aýdylan sözlerdir: Onuň bilen bile biz ölen bolsak, Onuň bilen bile ýaşajakdyrys.


Tersine, Mesihiň çeken ejirlerine şärik bolýan ýaly şatlanyň. Onuň şöhraty aýan bolanda, şatlygyňyzyň çägi bolmaz.


Mesihiň ady sebäpli kemsidilýän bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, sebäbi Hudaýyň şöhratly Ruhy sizde mesgen tutandyr.


Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ