Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Худай мерхемет эдип, бизе бу хызматы ынанды. Шонуң үчин-де, рухдан дүшмейәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 4:1
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar, ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar.


Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Sen: „Dat günüme! Çünki Reb derdime gaýgy-hasrat goşdy, ahy-nalamdan ýaňa tapdan düşdüm, rahatlyk tapmaýaryn“ diýdiň».


Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi:


Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik.


Öýlenmedik ýaşlar babatda Rebden alan buýrugym ýok. Ýöne Rebbiň merhemeti arkaly ynamdar kişi hökmünde maslahat berýärin.


Biz şeýle umydymyz bolany üçin batyrgaýlyk bilen hereket edýäris.


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir.


Bularyň bary Hudaýdandyr. Ol Isa Mesih arkaly bizi Özi bilen ýaraşdyryp, bize ýaraşdyrma hyzmatyny tabşyrdy.


Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.


Şonuň üçin hem, ugruňyzda çekýän gaýgy-hasratlarym sebäpli siziň ruhdan düşmezligiňizi haýyş edýärin. Gaýtam, bular size şöhrat getirýändir.


Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.


Siz bolsa, eý, doganlar, ýagşylyk etmekde ýadamaň.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady.


Birwagtlar siz halk däldiňiz, emma indi Hudaýyň halkysyňyz. Öňler siz Onuň rehim-şepagatyndan mahrumdyňyz, indi bolsa oňa gowşansyňyz.


Sen gaýratlysyň, Meniň ugrumda köp muşakgatlara çydadyň, ruhdan düşmediň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ