Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Hawa, daş böleklerine oýulyp ýazylan Kanun ölüme höküm edýärdi. Emma muňa garamazdan, Hudaýyň şöhraty Musanyň ýüzüne çaýylypdy. Bu nur öçügsi bolsa-da, ysraýyl halkynyň gözüni gamaşdyrypdy. Eger ölüme höküm edýän hyzmatyň şöhraty şeýle bolsa,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Хава, даш бөлеклерине оюлып язылан Канун өлүме хөкүм эдйәрди. Эмма муңа гарамаздан, Худайың шөхраты Мусаның йүзүне чайылыпды. Бу нур өчүгси болса-да, ысрайыл халкының гөзүни гамашдырыпды. Эгер өлүме хөкүм эдйән хызматың шөхраты шейле болса,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 3:7
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyz Reb adam bilen onuň aýalyna deriden eşikler edip, olary geýindirdi.


Sen Sinaý dagynyň depesine inip, gökden olar bilen gürleşdiň. Olara dogry hökümler, hak kanunlar, oňat parzlar hem tabşyryklar berdiň.


Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek» diýdi.


Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.


Ol düşelgä ýakyn gelen badyna, göläni we tans edip ýören adamlary gördi. Musa gahar-gazaba münüp, elindäki ýasy daş böleklerini zyňyp goýberdi, olar dagyň eteginde çym-pytrak boldy.


Reb Musa: «Öňkä meňzeş edip, iki sany ýasy daş ýasa. Men olaryň ýüzüne şol seniň birinji döwen ýasy daşlaryň ýüzündäki sözleri ýazjak.


Ýokary mejlisde oturanlar Stefana dikanlap seretdiler we onuň ýüzüniň edil perişdäniň ýüzüne meňzeýändigini gördüler.


Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr.


Sebäbi bu Kanunyň bozulmagy Hudaýy gazaplandyrýar. Emma Kanunyň bolmadyk ýerinde Kanuny bozmaklyk-da ýokdur.


Günäniň mese-mälim bolmagy üçin, Kanun ara girdi. Ýöne adamlar günäni köpden-köp etdigisaýy, Hudaýyň merhemeti has-da artdy.


men öldüm. Hawa, maňa ýaşaýyş bermeli Kanun meniň ölmegime sebäp boldy.


Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da,


Biz ynsan tebigatymyza görä ýaşaýarkak, bu Kanun biziň beden agzalarymyzda günäli höwesleri oýarýardy. Bu höwesler bizi günäli işlere imrindirip, ölüme eltýärdi.


Kämillik gelende, bölekleýin zatlar tamamlanar.


Mesihiň haty sizsiňiz. Bu mese-mälim zat. Bu hatymyz hyzmatymyzyň netijesidir. Biz ony syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly ýazdyk. Ol ýasy daş böleklerine däl-de, ynsan ýüregine ýazylandyr.


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


onda Hudaýa Mukaddes Ruh arkaly hyzmat etmekligiň şöhraty ondan parlak dälmidir?!


Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr.


Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris.


Reb size Ähtini mälim edip, ony berjaý etmegiňizi tabşyrdy. Bu – on tabşyrykdy we Ol ony iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazdy.


Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik millet barmyka?


Reb bu sözleri dagda ot içinden, buludyň we tüm garaňkylygyň içinden gaty ses bilen tutuş jemagata aýtdy. Başga hiç zat goşmady. Ol bu sözleri iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi».


Şeýlelikde, men dagdan düşüp, yzyma gaýtdym. Dag alawlap ýanýardy. Iki sany ýasy äht daş bölekleri hem elimdedi.


Siziň ýakynlaşan dagyňyz elläp görüp bolýan Sinaý dagy ýaly däldir. Sinaý dagynda alawly ot ýanýardy, dagyň üstüni tümlük, gara bulut örtüp, gaý-harasat turýardy,


Öý guran adamyň öýe garanda has hormatly bolşy ýaly, Isa-da Musa garanda has beýik şöhrata mynasyp boldy.


Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ