Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir.
Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar.
Rebbiň Hoş Habary sizden ähli ýere, hatda Makedoniýa bilen Ahaýadan uzak ýerlere hem ýaň saldy. Siziň Hudaýa bolan imanyňyz baradaky gürrüň ähli ýere ýaýrady. Bize ol barada aýdara-da zat galmady.