Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýöne olaryň akyly küteldi, sebäbi köne äht olara okalyp berlende, bu perde heniz-de ýüzlerini basyrýandyr. Bu ýüz perdesi diňe Isa Mesihe iman edilende aýrylýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Йөне оларың акылы күтелди, себәби көне әхт олара окалып берленде, бу перде хениз-де йүзлерини басыряндыр. Бу йүз пердеси диңе Иса Месихе иман эдиленде айрыляр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 3:14
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bütin halklary örten örtügi, ähli milletleriň üstündäki ýapynjany bu dagdan ýok eder.


Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy.


Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler.


Körler kimin diwary sermeleýäris, sermeleşip gezýäris gözsüz kimin, günorta çagy alagaraňkyda mysaly büdreýäris, güýçlüleriň arasynda öli ýalydyrys.


Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as:


«Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr.


Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi.


Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr.


Gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. Eger sendäki yşyk garaňky bolsa, onda ol nähili elhenç garaňkylykdyr!


«Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».


Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim.


Isa ýene-de halka ýüzlenip: «Dünýäniň nury Mendirin. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýdi.


Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryndan okalandan soň, sinagoganyň baştutanlary: «Doganlar, halka näme öwüt-nesihatyňyz bar bolsa aýdyň, baş üstüne!» diýip, olary çagyrtdylar.


Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».


Bizi diňläp oturanlaryň arasynda Lidiýa atly bir söwdagär aýal hem bardy. Ol Tiýatira şäherinden bolup, gyrmyzy parçalar satýardy. Bu aýal Hudaýa sežde edýärdi. Pawlusyň sözlerine gulak asmak üçin, Reb onuň ýüregini açdy.


Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Musanyň kitaby hatda biziň günlerimizde okalanda-da, bu perde olaryň ýüregini basyrýar.


Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär.


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ