Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Şoňa görä-de, men şol haty sizi synamak we her bir zatda tabyn bolup-bolmaýanlygyňyzy bilmek üçin ýazdym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Шоңа гөрә-де, мен шол хаты сизи сынамак ве хер бир затда табын болуп-болмаянлыгыңызы билмек үчин яздым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 2:9
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Men olary şeýle synap, Meniň kanunym boýunça ýörejegini ýa ýöremejegini bilerin.


Siziň Isa Mesihe bütinleý tabyndygyňyza göz ýetirenimizde, her bitabynlyga jeza bermäge taýýardyrys.


Şoňa görä-de, baranymda meni şatlandyrmaly adamlar göwnümi gamlandyrmasyn diýip, şol haty ýazdym. Meniň şatlygyma siziň-de şatlanjakdygyňyza berk ynanýaryn.


Men şol haty paralanan ýürekden muşakgat içinde ýazypdym. Ýöne meniň niýetim sizi gynandyrmak däl-de, size bolan çäksiz söýgimi görkezmekdi.


Haýyş edýärin: ony dogrudan-da söýýändigiňizi tassyklaň.


Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar.


Şoňa görä-de, olaryň baryna öz söýgiňizi görkezip, siz babatdaky magtanjymyzyň ýerliklidigini ähli ýygnaklara subut ediň.


siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi bilmek üçin sizi synap görýär.


Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady.


Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


Emma Timoteosyň sadyklygy size mälimdir. Ol maňa Hoş Habary wagyz etmekde edil ogluň öz atasyna hyzmat edişi ýaly hyzmat etdi.


Kim bu hatda aýdanlarymyza gulak asmasa, ony göz astyna alyň. Ol utanar ýaly, onuň bilen gatnaşmaň.


Sözüme gulak asjakdygyňa, aýdanlarymy aňry ýany bilen ýerine ýetirjekdigiňe gözüm ýetensoň, şulary saňa ýazýaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ