Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Йөне Худая мүң-де бир шүкүр! Ол Месихиң дабаралы йөришине бизи элмыдама шәрик эдйәр. Худай Өзи барадакы билими биз аркалы әхли ере мүшк-анбар кимин яйяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 2:14
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Öz halkynyň kuwwatyny artdyrdy, şoňa görä, eý, Onuň ähli sadyklary, Oňa ýakyn bolan ysraýyl halky, Rebbe şan-şöhrat bolsun!


Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşkyňy. Sen olaryň söýgüsine mynasyp!


Sizi halklaryň arasyndan çykaryp, dargadylan ýurtlaryňyzdan ýygnanymda, sizi hoşboý ys hökmünde kabul ederin we milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi ykrar ederin.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin, sebäbi imanyňyz baradaky habar bütin dünýä ýaýrady.


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz,


Ýöne biz özümizi Söýýän arkaly bu kynçylyklaryň baryny ýeňýäris.


Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär.


Sen ekeniňde gögerjek ösümligi tutuşlygyna ekmeýärsiň. Sen ýöne tohum, mysal üçin bugdaý ýa-da başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň.


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.


Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy.


Hudaýyň şeýle ajaýyp peşgeşi üçin Oňa şükürler bolsun!


Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.


Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.


Meniň hemme zadym bar, artygy bilen bar. Epafrodit siziň iberen peşgeşleriňizi getireli bäri, kem zadym galmady. Bular hoşboý ysly gurbanlyk kimin Hudaýyň halaýan gurbanydyr.


Elbetde, siz eşiden Hoş Habaryňyzyň beren umydynda sarsman, imanda kök urup, berk durmalysyňyz. Bu Hoş Habar ýer ýüzündäki her bir ynsana yglan edildi. Men Pawlus bu Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum.


Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.


Hudaý ruhy güýçleriň we ygtyýarlyklaryň elinden ýaragyny aldy we olary Isa Mesih arkaly ýeňip, açykdan-açyk paş etdi.


Rebbiň Hoş Habary sizden ähli ýere, hatda Makedoniýa bilen Ahaýadan uzak ýerlere hem ýaň saldy. Siziň Hudaýa bolan imanyňyz baradaky gürrüň ähli ýere ýaýrady. Bize ol barada aýdara-da zat galmady.


Biz Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli örän şatlandyk. Siziň üçin Hudaýa näçe şükürler aýtsagam azdyr!


Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga-dileg etmeklerini isleýärin.


Köp şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi beýlekilere-de öwredip biljek ygtybarly adamlara tabşyr.


Olar şeýle diýýärdiler: «Omyn! Hudaýymyza öwgi, şan-şöhrat bolsun! Oňa paýhas, şükürler, hormat, gudrat we kuwwat ebedilik ýar bolsun! Omyn!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ