Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мен Месихиң Хош Хабарыны вагыз этмәге Троас шәхерине баранымда, маңа Реб тарапындан бир гапы ачылды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 2:12
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


Şeýlelikde, Troasdan gämi bilen göni Samofrakiýa, ertesi hem Neapolise gitdik.


Onsoň Misýanyň üsti bilen Troasa gitdiler.


Biziň ýygnanyşan ýokary gatdaky otagymyzda köp çyra ýanyp durdy.


Isa Mesihiň guly we resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmäge saýlanan men Pawlusdan dogaýy salam!


sebäbi maňa köp adamlaryň garşy çykýandygyna garamazdan, bu ýerde uly we netijeli işler üçin uly mümkinçilikler döredi.


Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys.


Reb Hoş Habary wagyz edýänleriň-de Hoş Habardan eklenmegini buýrandyr.


Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!


Biz özümize bellenilen çäkden çykmaýarys. Eger size barmadyk bolsadyk, onda bellenen çäkden çykyp, çendenaşa magtandygymyz bolardy. Ýöne biz Isa Mesihiň Hoş Habaryny size-de ýetirdik ahyryn!


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Men sizi beýgeltmek üçin, özümi peseltdim, Hudaýyň Hoş Habaryny mugt wagyz etdim. Eýsem şeýle etmek bilen günä galaýdymmykam?


Eger biziň wagyz edýän Hoş Habarymyz perdelenen bolsa, ol heläkçilik ýolundan barýanlar üçin perdelidir.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Titusyň ýany bilen imanly doganymyzy hem iberýäris. Onuň Hoş Habary ýaýmakdaky hyzmaty üçin, ony ähli ýygnaklar sylaýandyr.


Siziň bu hemaýatyňyz Isa Mesih baradaky Hoş Habara sadykdygyňyzy subut edýär. Siz elde baryňyzy olara we beýleki imanlylara sahylyk bilen eçilýärsiňiz. Ine, şularyň bary üçin Hudaýyň halky Ony şöhratlandyrar.


Biziň üçin hem dileg ediň: Hudaýyň sözüni ýaýradyp, Mesih baradaky syry aýan eder ýaly, Onuň Özi bize gapy açyp bersin. Ine, şonuň üçinem men tussaglykdadyryn.


Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ