Pawlus bilen Barnap bu adamlar bilen köp çekeleşip jedelleşdiler. Onsoň bu meseläni çözmek üçin, beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde, Pawlus bilen Barnap Iýerusalimdäki resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna gitmeli diýen karara gelindi.
Men ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siziň bilendirin. Men edil ýanyňyzda bolan ýaly, şeýle iş edeniň üstünden Rebbimiz Isanyň adyndan eýýäm öz hökümimi çykardym. Siz bile ýygnananyňyzda men hem ruhda siziň bilen bolaryn. Şonda Isa Mesihiň güýji arkaly
Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.
Men Artamy ýa-da Tihiki seniň ýanyňa ýollamakçy. Olardan biri barandan soň, gaýrat edip, Nikopolise, meniň ýanyma geljek bol. Sebäbi men gyşy şu ýerde geçirmegi ýüregime düwdüm.