Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 13:7 - Mukaddes Kitap

7 Biz siziň ýaman işleri etmezligiňiz üçin Hudaýa doga-dilegler edýäris. Şeýtmek bilen, biz özümizi synagdan geçen hökmünde görkezmek islämzok. Tersine, biz synagdan geçmedik bolup görnäýenimizde-de, siz ýagşy işleri etseňiz, şol ýeterlikdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Биз сизиң яман ишлери этмезлигиңиз үчин Худая дога-дилеглер эдйәрис. Шейтмек билен, биз өзүмизи сынагдан гечен хөкмүнде гөркезмек исләмзок. Терсине, биз сынагдан гечмедик болуп гөрнәенимизде-де, сиз ягшы ишлери этсеңиз, шол етерликдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 13:7
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýagbes: «Meni ýalkasadyň, meniň çäklerimi giňeltsediň, meniň bilen bolup, meni azapdan we ýamanlykdan gorasadyň» diýip, Ysraýylyň Hudaýyna dileg etdi. Hudaý onuň islegini ýerine ýetirdi.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Olary dünýäden almagyňy däl-de, şeýtandan goramagyňy dileýärin.


Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.


Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň.


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Mesihiň sadyk şägirdi Apelä salam aýdyň. Aristobulyň öý-içersine hem salam aýdyň.


Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär.


Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


Çünki özüni özi beýgeldýän däl-de, Rebbiň beýgeldýäni arzylydyr.


Biziň synagdan geçendigimizi bilersiňiz diýen umydym bar.


Çünki hakykata garşy çykmaga gaýratymyz ýokdur, biz hakykatyň ugrunda gaýratlydyrys.


Biz özümiz ejiz, siz-de güýçli bolanyňyzda şatlanýarys. Şonuň üçin-de, siziň kämilleşmegiňiz üçin doga-dileg edýäris.


Tersine, ähli zatda özümizi Hudaýyň hakyky hyzmatçylary hökmünde äşgär edýäris. Biz muşakgatlara, mätäçliklere, çykgynsyz ýagdaýlara,


Biz diňe Rebbiň nazarynda däl, eýsem ynsanlaryň nazarynda hem halal işlemäge dyrjaşýandyrys.


Umuman, eý, doganlar, hakyky, hormata mynasyp, dogry, päk, ýakymly, ajaýyp näme bar bolsa, şol barada oýlanyň. Hawa, ýagşy we öwgä mynasyp zatlar barada oýlanyň.


Goý, parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý sizi hemmetaraplaýyn päklesin. Rebbimiz Isa Mesih gelende ruhuňyz, janyňyz we bedeniňiz aýypsyz bolsun.


Parahat we gep-gürrüňsiz, her zatda Hudaýyň ýörelgesine eýerip, edepli ýaşap bilerimiz ýaly, patyşalar we ygtyýarlylaryň ählisi üçin doga-dileg ediň.


Hudaýyň huzurynda öz edýäninden utanmajak, hakyky taglymaty dogry öwredýän işçi hökmünde durup bileriň ýaly, jan-tenden yhlas et.


Ol meni her dürli ýamanlyklardan halas edip, meni gökdäki Şalygyna sag-aman ýetirer. Rebbe baky we ebedi şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ