Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.
Imanda mäkäm durup-durmaýanlygyňyzy bilmek üçin, özüňizi synap görüň. Eýsem siz Isa Mesihiň araňyzdadygyny bilmeýäňizmi? Ýa-da siz synagdan geçmeýänlerdenmi?
Biz siziň ýaman işleri etmezligiňiz üçin Hudaýa doga-dilegler edýäris. Şeýtmek bilen, biz özümizi synagdan geçen hökmünde görkezmek islämzok. Tersine, biz synagdan geçmedik bolup görnäýenimizde-de, siz ýagşy işleri etseňiz, şol ýeterlikdir.