Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 13:4 - Mukaddes Kitap

4 Isa Mesih ejizlikde haça çüýlenen bolsa-da, indi Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýandyr. Biz hem Mesihiň ejizligine şärik bolmak bilen, siziň ugruňyzda Hudaýyň gudraty arkaly Mesihiň ýaşaýşyna hem şärikdiris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Иса Месих эҗизликде хача чүйленен болса-да, инди Худайың гудраты аркалы яшаяндыр. Биз хем Месихиң эҗизлигине шәрик болмак билен, сизиң угруңызда Худайың гудраты аркалы Месихиң яшайшына хем шәрикдирис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 13:4
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň janymy pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym».


Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».


Ine, siziň görýän hem tanaýan bu adamyňyz Isanyň adyna bolan imany arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Siziň hemmäňiziň görşüňiz ýaly, Isa bolan bu iman ony sagaltdy.


Hudaý Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direldip, Ony Mukaddes Ruhdan doldurdy. Şeýdip, Onuň Hudaýyň gudratly Ogludygy tassyklandy.


Sebäbi Isa Mesih ölüleriň-de, dirileriň-de Rebbi bolmak üçin ölüp, direldi.


Hawa, biz suwa çümdüriliş arkaly Mesih bilen ölüp, jaýlandyk. Şoňa görä-de, Atanyň şöhratly gudraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi ýaly, biz hem täze ýaşaýşa eýe bolup bileris.


Çünki Hudaýyň «akmaklygy» ynsan danalygyndan danadyr. Hudaýyň «ejizligi» hem ynsan güýjünden güýçlüdir!


Abraýsyzlykda jaýlanyp, şan-şöhratda direlýär. Ejizlikde jaýlanyp, güýç-kuwwatda direlýär.


Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym.


Hudaý Öz güýji arkaly Reb Isany direltdi. Ol bizi hem direlder.


Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


Biz özümiz ejiz, siz-de güýçli bolanyňyzda şatlanýarys. Şonuň üçin-de, siziň kämilleşmegiňiz üçin doga-dileg edýäris.


Men Isa Mesihiň Özüni, Onuň direlişiniň güýjüni bilesim gelýär. Isa Mesihiň jebir-jepalaryna şärik bolup, Oňa Onuň ölüminde meňzäp, ölümden direlişe ýetesim gelýär.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ