Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 13:1 - Mukaddes Kitap

1 Häzir siziň ýanyňyza üçünji gezek barýandyryn. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda «Ähli zat iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn» diýip ýazylandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Хәзир сизиң яныңыза үчүнҗи гезек баряндырын. Себәби Мукаддес Язгыларда «Әхли зат ики я-да үч шаядың гүвәси билен тассыклансын» дийип языландыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 13:1
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň sen şol ýerde patyşa bilen gepleşip durkaň, men seniň yzyňdan girip, seniň aýdanlaryňy tassyklaryn».


Onuň garşysynda hem iki sany deýýus adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Nabody galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».


Iki sany deýýus gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Nabody galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.


Eger bir adam başga bir adamy öldürse, şaýatlaryň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilsin, emma diňe bir şaýadyň görkezmesi esasynda ol ölüme höküm edilmeli däldir.


Emma gulak asmasa, bir ýa iki adamy ýanyňa alyp bar, aýdylan her bir söz iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn.


Ine, ýanyňyza gitmek üçin üçünji gezek ýol şaýymy tutýaryn. Men size agram salmaryn, sebäbi men zadyňyza däl-de, didaryňyza zardyryn. Galyberse-de, çagalar ene-atalary üçin däl-de, ene-ata çagalary üçin emläk toplamalydyr.


Ölüme höküm edilen adamy iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen öldüriň. Diňe bir şaýadyň güwäsi bilen öldürmäň.


Jenaýat ýa-da günä eden adamyň günäsini boýnuna goýmak üçin, oňa bir adamyň şaýatlygy ýeterlik däldir. Ol iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ