Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 12:9 - Mukaddes Kitap

9 Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Эмма Реб шейле дийди: «Саңа берен мерхеметим бесдир, себәби Мениң гудратым эҗизликде кәмиллешйәндир». Шонуң үчин-де, Иса Месихиң гүйҗи менде месген тутсун дийип, өз эҗизликлерим барада хөвес билен магтанарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 12:9
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler.


Ýa Hökmürowan Rebbimiz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde.


Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda. Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Men ýanyňyza baranymda ejizdim, gorkudan ýaňa galpyldaýardym.


Bu siziň imanyňyzyň ynsan paýhasyna däl-de, Hudaýyň güýjüne daýanmagy üçindi.


Eger magtanmaly bolaýsam-da, öz ejizligim bilen magtanaryn.


Hiç peýdasy bolmasa-da, magtanmagymy dowam etdirmeli bolýaryn. Indi Rebden gelen görnüşlere we aýanlyklara geçeýin.


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


Men size diňe ähli zadymy däl, eýsem özümi hem höwes bilen sarp ederin. Men sizi şeýle söýýärin! Onda näme üçin siz meni beýle az söýýärsiňiz?


Ine, men şeýle adam bilen magtanaryn. Özüm babatda diňe ejizligim bolaýmasa, başga magtanara zadym ýok.


Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin.


Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.


Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin.


Rebbimiz Isa Mesihiň çäksiz merhemeti, söýgüsi we Onuň beren imany üstüme boldan-bol ýagdy.


lowlaýan ody öçürdiler, gylyjyň tygyndan gaçyp gutuldylar, ejiz bolsalar hem güýçden doldular, söweşde kuwwatlanyp, keseki goşunlary derbi-dagyn etdiler.


Geliň, merhemetli Hudaýyň tagtyna batyrgaýlyk bilen golaýlaşalyň. Şonda Ol merhemet edip, zerur wagtda bize ýardam berer.


Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ