Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Өзүме шейле бейик ылхамларың берлендиги себәпли гопбамсырамаз ялы, маңа шейтаның бир илчиси, ягны бедениме эзъет бермек үчин бир тикен берилди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 12:7
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakubyň baş bermeýändigini görensoň, ol kişi Ýakubyň uýlugynyň oýjugyna urup, onuň uýlugyny ýazdyrdy.


Ýakup Peniýelden çykyp barýarka, Gün dogdy. Ol uýlugyna deglendigi sebäpli agsaýardy.


Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.


Ine, Babyl hökümdarlarynyň ýurtda bolan alamat hakynda soramak üçin Hizkiýanyň ýanyna iberen ilçileri gelende, Hudaý Hizkiýany synap, onuň ýüreginde bolan bar zady bilmek üçin ony ýeke galdyrdy.


Reb şeýtana: «Bolýar, Eýýup seniň eliňde, ýöne onuň janyny aýa» diýdi.


Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi-de, Eýýubyň süýr depesinden dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy.


Ysraýyl halkyny ýigrenýänleriň hiç biri indi gaýdyp Ysraýyla çümýän ýandak we awuly tiken bolmaz, şonda olar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler“».


Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.


Onuň ýoluna tikenli çäk çekerin, öz ýodalaryny tapmaz ýaly, Onuň garşysyna diwar guraryn.


Emma ysraýyllar ýerli ilaty kowup çykarmasalar, onda ol ýerde galanlar ysraýyllaryň gözlerine dürtülen iňňe, böwürlerine sanjylan tiken ýaly bolarlar. Ýaşajak ýurtlarynda olar ysraýyllary ezerler.


Onsoň Isanyň ýüzüne tüýkürdiler, Ony ýumrukladylar, käbirleri Oňa:


Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.


Bu aýal on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan Ybraýymyň gyzydyr. Eýsem Sabat güni bolany üçin ol bu zynjyrdan azat edilmeli dälmi?» diýdi.


Biz heniz hem aç-suwsuz, eşiklerimiz sal-saldyr. Biz ýenjilýäris, öýsüz-öwzarsyz sergezdandyrys.


şeýle iş eden adamy şeýtana tabşyryň. Şonda onuň günäli tebigaty weýran bolup, Rebbiň geljek gününde ruhy halas bolup biler.


Käbir adamlar: «Pawlusyň hatlary ýowuz we güýçli bolsa-da, onuň özi aramyza gelende ejiz görünýär. Onuň gepi-de dereksiz!» diýip aýdýarlar.


Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris.


Hawa, siz gul edilýändigiňize, hakyňyzyň iýilýändigine, özüňize zulum edilýändigiňize, tekepbirlere, şapbatlara şeýle çydamly ahyryn!


Hiç peýdasy bolmasa-da, magtanmagymy dowam etdirmeli bolýaryn. Indi Rebden gelen görnüşlere we aýanlyklara geçeýin.


Men size ilkibaşda Hoş Habary syrkawkam wagyz edendigim ýadyňyzdadyr.


Ol özüni beýleki ysraýyl doganlaryndan ýokary saýmasyn we bu buýrukdan saga-da, çepe-de sowulmasyn. Şonda onuň we nesilleriniň şalygy Ysraýylda uzak ýyllar höküm sürer.


gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebbi unudyp, tekepbirlik etmäň.


Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal.


Şonuň üçin hem indi Men size şuny aýdýaryn: Men olary siziň öňüňizden kowmaryn. Olar size duşman bolarlar, olaryň hudaýlary size duzak bolarlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ