Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 12:21 - Mukaddes Kitap

21 Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Мен яныңыза баранымда, Худайым мени өңүңизде песелдеринден горкярын. Озал гүнә эдип, эден харамлыклары, зыналары ве азгынлыклары үчин тоба этмедиклериң көпүси зерарлы яс тутмалы болармыкам дийип горкярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 12:21
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ezra Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip aglap, dileg etdi we günälerini boýun aldy. Ysraýyllardan uly mähelle: erkekler, aýallar we çagalar onuň daşyna üýşdüler. Olar hem zar-zar aglaşdylar.


Muny eşidenimde, men eşiklerimi we donumy ýyrtyp, saç-sakgalymy ýolup, gaýgy-gama batyp oturdym.


Şeýdip, Musa Rebbiň ýanyna gaýdyp geldi we Oňa: «Wah, bu halk özüne altyndan göle ýasap, agyr günä etdi.


Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.


Wah, käşge başym bir bulak, gözlerim gözýaş çeşmesi bolsady! Biçäre halkymyň öldürilenleri üçin aglasadym men gije-gündiz!


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn.


Siziň Isa Mesihe bütinleý tabyndygyňyza göz ýetirenimizde, her bitabynlyga jeza bermäge taýýardyrys.


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn.


Şoňa görä-de, olaryň baryna öz söýgiňizi görkezip, siz babatdaky magtanjymyzyň ýerliklidigini ähli ýygnaklara subut ediň.


Ynsan höwesleriniň netijesi bellidir. Olar zynahorlyk, haramlyk we azgynlykdyr;


Şeýlelikde, men dagdan düşüp, yzyma gaýtdym. Dag alawlap ýanýardy. Iki sany ýasy äht daş bölekleri hem elimdedi.


Reb sizi ýok etmegi ýüregine düwende, men kyrk gije-gündizläp Onuň öňünde ýüzin düşüp ýatdym.


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Goý, hemmeler nika hormat goýsun, är-aýal düşegi günä bilen hapalanmasyn. Hudaý ahlaksyzlary we zynahorlary höküm eder.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Başgalary gelejekki jeza odundan halas ediň. Käbirlerine bolsa, Hudaýdan gorkmak bilen rehim ediň, ýöne hüşgär boluň, olaryň durmuşyny harama öwren günäni ýigreniň.


Şeýle-de Sodom bilen Gomoranyň we olaryň töweregindäki şäherleriň adamlary hem edil şol perişdeler ýaly hereket etdiler, olar zynahorlyga köňül berip, azgynçylyga ýüz urdular. Şonuň üçin olar ebedi otda ýanmak jezasyny çekip, hemmelere sapak boldular.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!


Şondan soň Şamuwel ömri ötýänçä Şawuly gaýdyp ýeke gezek görmese-de, onuň derdini çekip gezdi. Reb Şawuly Ysraýyla patyşa edendigine ökündi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ