Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 12:20 - Mukaddes Kitap

20 Men ýanyňyza baranymda, biri-birimiz babatdaky tamamyz puç çykaýarmyka diýip gorkýaryn. Baranymda dawa-jenjel, göriplik, gahar-gazap, agzalalyklar, töhmet, gybat, tekepbirlik we tertipsizlik görermikäm diýip gorkýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Мен яныңыза баранымда, бири-биримиз бабатдакы тамамыз пуч чыкаярмыка дийип горкярын. Баранымда дава-җенҗел, гөриплик, гахар-газап, агзалалыклар, төхмет, гыбат, текепбирлик ве тертипсизлик гөрермикәм дийип горкярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 12:20
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hudaýym, içimde janym gamlanýar, munuň üçin Iordan topragynda, Hermon hem-de Mizar dagynda Seni ýatlaýan.


Egri adam dawa ýaýradýar, gybatkeş dostlary biri-birinden aýyrýar.


Olaryň kalby her tüýsli ýamanlykdan, adalatsyzlykdan, açgözlükden we azgynlykdan doludyr. Olar görip, ganhor, dawaçyl, ýalançy we betpäldir. Olar gepçi,


töhmetçi, tekepbir, öwünjeň bolup, Hudaýy ýigrenýärler, ýamanlyk etmegiň her tüýsli ýollaryny tapýarlar, ata-enelerine gulak asmaýarlar.


Şahsy bähbidini araýanlar, hakykaty ret edip, ýamanlyga eýerýänler bolsa gahar-gazaba duçar bolarlar.


Eý, doganlar! Hloýanyň öýündäki adamlar siziň araňyzda dawa-jenjelleriň bardygyny maňa habar berdiler.


Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr. Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly,


Siz bolsa öz-özüňize buýsanýarsyňyz! Eýsem siz muňa derek ýas tutup, şeýle iş edýäni araňyzdan aýyrmaly dälmi?


Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr.


ýalbarýaryn: size baranymda, meni siziň bilen aýgytly we çürt-kesik gürleşmäge mejbur etmäň. Hawa, men özümizi bu dünýäniň ýörelgelerine görä gezýändir öýdýänler bilen şeýle gürleşip bilýärin. Ýöne özüňiz bilen şeýle gürleşmäge mejbur etmäň.


Siziň Isa Mesihe bütinleý tabyndygyňyza göz ýetirenimizde, her bitabynlyga jeza bermäge taýýardyrys.


Men ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni öňüňizde peselderinden gorkýaryn. Ozal günä edip, eden haramlyklary, zynalary we azgynlyklary üçin toba etmedikleriň köpüsi zerarly ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.


Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn.


Şunlukda, men ýene gamlanmaýyn diýip, ýanyňyza barmazlygy ýüregime düwdüm.


Ägä boluň! Çünki siz biri-biriňizi «çeýnemegi», «ýuwutmagy» bes etmeseňiz, biri-biriňizi ýok edersiňiz.


Şöhratparaz bolmalyň, biri-birimizi gaharlandyrmalyň, biri-birimize göriplik etmäliň.


Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Olar nädogry ýoldan ýaňy gaçyp gutulanlary boş we gopbamsy sözleri bilen haram keýpe hyjuwlandyryp, ynsan höwesleri bilen olary duzaga düşürýärler.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ