Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 12:19 - Mukaddes Kitap

19 Hä, siz heniz-de özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýäňizmi? Ýok, biz Mesihe degişli bolup, Hudaýyň huzurynda size şuny aýdýarys: eý, söýgüli doganlar, biziň ähli edýänlerimiz imanyňyzy güýçlendirmek üçindir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Хә, сиз хениз-де өзүмизи сизиң өңүңизде аклаяндырыс өйдйәңизми? Ёк, биз Месихе дегишли болуп, Худайың хузурында сизе шуны айдярыс: эй, сөйгүли доганлар, бизиң әхли эдйәнлеримиз иманыңызы гүйчлендирмек үчиндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 12:19
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.


Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.


Biziň her birimiz öz ýakynynyň imanyny güýçlendirjek zatlaryň pikirini edip, onuň göwnünden turmalydyrys.


Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr.


Şonuň üçin, eý, meniň ezizlerim, butparazlykdan gaça duruň.


Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.


Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.


Rebbiň bize beren ygtyýary babatda has köpräk öwnäýemde-de, utanmaryn. Sebäbi bu ygtyýar imanyňyzy ýumurmak üçin däl-de, ony berkitmek üçin berlendir.


Mesihiň mendäki hakykatyndan ant içýärin: Ahaýa sebitlerinde ýaşaýanlaryň biri-de meni bu magtanmadan mahrum edip bilmez!


Baky şan-şöhrata mynasyp Hudaý we Rebbimiz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir.


Men size diňe ähli zadymy däl, eýsem özümi hem höwes bilen sarp ederin. Men sizi şeýle söýýärin! Onda näme üçin siz meni beýle az söýýärsiňiz?


Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.


Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris.


Eýsem biz sizi özümiz bilen gaýtadan tanyş etmelimi? Näme, biz käbirleri ýaly size ýa-da sizden bolan tanatma hatlaryna mätäçmi?


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.


Şoňa görä-de, edil şu wagt edişiňiz ýaly, biri-biriňize öwüt-ündew beriň, ruhlandyryň.


Eziz dostlar, biz şeýle diýsek hem, siziň beýle däldigiňizi bilýäris. Siziň dogry ýoldan ýöräp, halas boljakdygyňyza ynanýarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ