Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 12:14 - Mukaddes Kitap

14 Ine, ýanyňyza gitmek üçin üçünji gezek ýol şaýymy tutýaryn. Men size agram salmaryn, sebäbi men zadyňyza däl-de, didaryňyza zardyryn. Galyberse-de, çagalar ene-atalary üçin däl-de, ene-ata çagalary üçin emläk toplamalydyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ине, яныңыза гитмек үчин үчүнҗи гезек ёл шайымы тутярын. Мен сизе аграм салмарын, себәби мен задыңыза дәл-де, дидарыңыза зардырын. Галыберсе-де, чагалар эне-аталары үчин дәл-де, эне-ата чагалары үчин эмләк топламалыдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 12:14
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.


Ýagşy adam agtyk-çowluklaryna-da miras galdyrýar, ýöne günä edýänleriň baýlygy dogrulara galýar.


Öý we mal-mülk atalardan miras, ýöne paýhasly aýal Rebdendir.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir?


Men hiç kimiň puluna ýa-da egin-eşigine göz dikmedim.


Her kes öz bähbidini däl-de, başgalaryň bähbidini arasyn.


Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.


Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.


Men ýanyňyza Makedoniýada bolanymdan soň bararyn. Sebäbi men Makedoniýanyň üsti bilen geçmekçi.


Hudaý ýol berse, men tizara size barjakdyryn. Şonda olaryň gepini däl-de, güýjüni göräýerin.


Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesihiň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys.


Onda sylagym nämedir? Hoş Habary hiç bir muzdsuz wagyz edip, onuň maňa berýän hak-hukugyndan peýdalanmazlyk meniň üçin sylagdyr.


Men azat bolsam-da, her kesi gazanjak bolup, hemmeleriň guly boldum.


Bu babatda ynamym bolansoň, ýanyňyza iki gezek baryp, şatlygyňyzy artdyrmakçydym.


Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn.


Men size beýleki ýygnaklardan kemter garadymmy? Hä, hawa, men size agram salmadym-ow! Bu «adalatsyzlygym» üçin meni bagyşlaweriň!


Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.


Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.


Men muny peşgeşleriňize hantama bolanym üçin aýtmaýaryn. Men siziň bähbidiňiziň artmagyny isleýärin.


Biz sizi Öz Şalygyna, şöhratyna çagyrýan Hudaýa mynasyp ýaşamagyňyzy tabşyrdyk. Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk, göwünlik berdik. Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz.


Şoňa görä-de, biz diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl, eýsem ýüregimiziň töründen orun bermäge-de taýyndyk, sebäbi siz biziň üçin şeýle eziz bolduňyz!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ