Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 12:11 - Mukaddes Kitap

11 Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мен магтанып, бир акмак ялы болдум. Йөне мени муңа сиз меҗбур этдиңиз-ә! Аслында мени сиз магтамалыдыңыз. Мен хич болаямда-да, өзлерини бейик сайян шол ресуллардан пес дәл ахырын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 12:11
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Seni öz agzyň däl, başgalar öwsün, öz diliň däl, keseki öwsün.


Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Pawlus-da, Apollo-da, Petrus-da, dünýä-de, ýaşaýyş-da, ölüm-de, şu wagt we gelejek-de – hemme zat siziňkidir.


Eger biz görgüler görýän bolsak, bu siziň teselli tapmagyňyz we halas bolmagyňyz üçindir. Hudaý bize teselli berýän bolsa, bu biziň-de size teselli bermegimiz üçindir. Siz hem biz ýaly görgüler göreniňizde, şu tesellimizden teselli tapyp, muşakgatlaryň baryna döz gelersiňiz.


Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem geçirimlilik etsediňiz! Wah, geçirimlilik edýäňiz-le!


Ýöne men siziň şol «beýik resullaryňyzdan» asla kem däldirin!


Hakyky resullygyň nyşanlaryny araňyzdakam alamatlarda, mugjyzalarda we gudratlarda uly çydamlylyk bilen görkezendirin.


Eger magtanmaly bolaýamda-da, akmagyň edişi ýaly etmerin, hakykaty aýdaryn. Emma men magtanmakdan saklanýaryn. Ýogsa kimdir biri meni öz göreninden ýa eşideninden artykmykam öýdäýmesin.


Eýsem biz sizi özümiz bilen gaýtadan tanyş etmelimi? Näme, biz käbirleri ýaly size ýa-da sizden bolan tanatma hatlaryna mätäçmi?


Biz akyldan azaşan kimin görnen bolsak, bu Hudaýy şöhratlandyrmak üçindir; eger akylly görnen bolan bolsak, bu siziň üçindir.


Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.


Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ