Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Hiç peýdasy bolmasa-da, magtanmagymy dowam etdirmeli bolýaryn. Indi Rebden gelen görnüşlere we aýanlyklara geçeýin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Хич пейдасы болмаса-да, магтанмагымы довам этдирмели болярын. Инди Ребден гелен гөрнүшлере ве аянлыклара гечейин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 12:1
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Görnüşde Hudaýyň Ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Emma Men size hakykaty sözleýärin: Meniň gitmegim siziň üçin bähbitdir. Men gitmesem, Hemaýatçy size gelmez, gitsem welin, Ony size ibererin.


Halk üçin bir adamyň ölmegi bähbitlidir diýip, ýahudylara maslahat beren hem Kaýafady.


Bir gije Reb görnüş arkaly Pawlusa şeýle diýdi: «Gorkma, geple, dymma!


Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.


Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir.


Eý, doganlar, men ýanyňyza baryp, nämälim dillerde gürlesem, ýöne aýanlyk, bilim, pygamberlik, ýa-da taglymat öwretmesem, meniň size peýdam degermi?


Siz: «Men her zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz. Hawa, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. Men hem islän zadymy etmäge hakym bar diýip bilýärin, ýöne hiç zat meniň üstümden agalyk sürmeli däldir.


Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn.


Ine, men şeýle adam bilen magtanaryn. Özüm babatda diňe ejizligim bolaýmasa, başga magtanara zadym ýok.


Özüme şeýle beýik ylhamlaryň berlendigi sebäpli gopbamsyramaz ýaly, maňa şeýtanyň bir ilçisi, ýagny bedenime ezýet bermek üçin bir tiken berildi.


Emma Reb şeýle diýdi: «Saňa beren merhemetim besdir, sebäbi Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir». Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň güýji mende mesgen tutsun diýip, öz ejizliklerim barada höwes bilen magtanaryn.


Siz geçen ýyl hemaýat bermekde ilkinji bolmak bilen çäklenmän, muny uly höwes bilen etdiňiz. Şunlukda, ine, meniň maslahatym:


Men ony ynsandan kabul etmedim ýa-da öwrenmedim. Maňa ony Isa Mesihiň hut Özi aýan etdi.


Meni ol ýere Rebbiň ylhamy alyp bardy. Iýerusalimdäki ýygnaklaryň ýolbaşçylary bilen aýratyn duşuşyp, olara keseki milletlere wagyz edýän Hoş Habarymy beýan etdim. Men muny öňki-soňky edenlerimiň bary puja çykaýmasyn diýip etdim.


Size öň gysgaça ýazyşym ýaly, Hudaý maňa Öz syryny aýan etdi.


Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz – diriler, Reb gaýdyp gelende, Onuň bilen merhumlardan öň duşuşmarys.


Biz ýene şuny bilýäris: hak Hudaýy tanap bilmegimiz üçin, Hudaýyň Ogly gelip, bize akyl-paýhas berdi. Biz hak Hudaý we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýaşaýarys. Isa Mesih hak Hudaýdyr we baky ýaşaýyşdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ