Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 11:9 - Mukaddes Kitap

9 Men araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, siziň hiç biriňize agram salan däldirin. Sebäbi gerek zatlarymyň baryny Makedoniýadan gelen doganlarym üpjün etdiler. Men haýsydyr bir zatda size agram salmakdan saklandym, mundan beýläk-de agram salmaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мен араңызда болуп, мәтәчлик чекенимде-де, сизиң хич бириңизе аграм салан дәлдирин. Себәби герек затларымың барыны Македониядан гелен доганларым үпҗүн этдилер. Мен хайсыдыр бир затда сизе аграм салмакдан сакландым, мундан бейләк-де аграм салмарын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 11:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Menden öňki bolan häkimler welin halkyň boýnuna agyr ýük bolup, olar ilatdan bir gadak kümüşden daşary azyk, şerap alýan ekenler. Olaryň hatda hyzmatkärleri-de halkyň üstünden höküm sürýän ekenler. Emma men Hudaýdan gorkýandygym üçin beýle iş etmedim.


Olar hem Pawlus ýaly çadyr tikmek bilen meşgullanýardylar, şonuň üçin Pawlus olar bilen ýaşap, bile işledi.


Silas bilen Timoteos Makedoniýadan gelenlerinden soň, Pawlus tutuş wagtyny Isa hakdaky habary wagyz etmäge bagyşlady. Ol ýahudylara Isanyň Mesihdigi barada şaýatlyk etdi.


Men hiç kimiň puluna ýa-da egin-eşigine göz dikmedim.


sebäbi Makedoniýadaky we Ahaýadaky ýygnaklar Iýerusalimdäki ýygnagyň mätäçlerine maddy kömegini ibermegi makul gördüler.


Men Stepanas, Fortunat we Ahaýyk dagy gelende, örän begendim. Olar siziň ýoklugyňyzy bildirmeýärler.


Tersine, ähli zatda özümizi Hudaýyň hakyky hyzmatçylary hökmünde äşgär edýäris. Biz muşakgatlara, mätäçliklere, çykgynsyz ýagdaýlara,


Çünki siziň bu hemaýatyňyz Hudaýyň halkynyň mätäçlikleriniň öwezini doldurmak bilen çäklenmän, eýsem Hudaýa edilýän şükürleriň dolup-daşmagyna hem sebäp bolar.


Siz mätäçligimde men barada alada etmek üçin ilçiňiz Epafroditi ýanyma iberipdiňiz. Emma men ony, ýagny öz işdeşimi, söweşdeşimi we doganymy yzyna, siziň ýanyňyza ibermegi makul bildim.


Biz ynsanlardan: sizden-de, başgalardan-da öwgi hantama däldik.


Eziz doganlarym! Biziň çeken agyr zähmetimiz, gören görgülerimiz ýadyňyzdadyr. Hoş Habary size wagyz eden döwrümizde hiç kime agram salmajak bolup, gije-gündiz işledik.


Olaryň käbirini daşladylar, bedenlerini kesip, ikä böldüler, gylyçdan geçirip öldürdiler. Käbiriler goýun we geçi derisini geýip, sergezdançylyk etdiler, mätäçlikde ýaşadylar, zulum astynda yzarlanyp, horluk çekdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ