Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 11:31 - Mukaddes Kitap

31 Baky şan-şöhrata mynasyp Hudaý we Rebbimiz Isanyň Atasy meniň ýalan sözlemeýändigimi bilýändir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31 Бакы шан-шөхрата мынасып Худай ве Реббимиз Исаның Атасы мениң ялан сөзлемейәндигими билйәндир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 11:31
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»


Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.


Olar Hudaý baradaky hakykaty galp zatlara çalyşdylar. Ýaradana däl-de, ýaradylan zatlara sežde we hyzmat etdiler. Emma baky şöhrata diňe Ýaradan mynasypdyr. Omyn!


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr.


Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!


Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr.


Ähli tesellileriň gözbaşy bolan merhemetli Ata Hudaýa, Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýyna we Atasyna alkyş bolsun!


Eýsem men näme üçin size agram salmadym? Sizi söýmeýändigim üçinmi? Ýok, sizi söýýändigime Hudaý şaýatdyr.


Size ýazýanlarymyň bary hakykatdygy babatda men Hudaýyň öňünde güwä geçýärin.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Şeýlelikde, ýerde we gökde her bir millete at beren Atamyzyň huzurynda men dyza çökýärin.


Biz siziň üçin doga-dileg edip, elmydama Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa şükürler edýäris,


Bilşiňiz ýaly, biz size ýaranjaňlyk etmedik, öz bähbidimizi aramadyk. Hudaý muňa şaýatdyr.


Hawa, beýik we şöhratly Hudaýyň maňa ynanan Hoş Habary hut şeýle öwredýändir.


Ebediligiň Şasy, ölmez we göze görünmez ýeke-täk Hudaýa baky hormat we şöhrat bolsun! Omyn.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ