Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 11:26 - Mukaddes Kitap

26 Men elmydama ýolda bolmak bilen, derýalarda howp-hatarlara uçradym; garakçylardan, öz ilimden, başga milletlerden ýaňa howp astynda gezdim. Şäherde, çölde, deňizde, dogansumaklaryň arasynda howp-hatarlara uçradym.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Мен элмыдама ёлда болмак билен, деряларда ховп-хатарлара учрадым; гаракчылардан, өз илимден, башга миллетлерден яңа ховп астында гездим. Шәхерде, чөлде, деңизде, догансумакларың арасында ховп-хатарлара учрадым.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 11:26
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şunça köp mähelläni görüp, ýahudylary göriplik gurşap aldy. Olar Pawlusyň aýdan zatlaryna garşy çykyp, oňa sögdüler.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Emma Antiýohdan, Ikoniýadan gelen ýahudylar halky öjükdirip, Pawlusy daşladylar we ölendir öýdüp, ony şäherden süýräp çykardylar.


Şundan soň ýahudylar we başga milletler özleriniň ýolbaşçylary bilen birlikde resullaryň üstüne topulyp, olary daşlamakçy boldular.


Pawlus bolsa Silasy saýlady, imanlylar olary Rebbiň merhemetine tabşyranlaryndan soňra, olar ýola düşdüler.


Emma Salonikidäki ýahudylar Pawlusyň Beriýada Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edendigini bilenlerinde, ol ýere hem gitdiler. Olar halky öjükdirip, howsala saldylar.


Emma ýahudylar göripçilik etdiler, olar bazarda bikär gezip ýören erbet adamlaryň birnäçesini ýanlaryna toplap, şäherde gozgalaň turuzdylar. Pawlus bilen Silasy tapyp, mähelläniň öňüne çykarmak üçin, Ýasonyň öýüne döküldiler.


Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.


Şol wagtlar «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda uly galmagal turdy.


Men köp gözýaş döküp, pespällik bilen Rebbe hyzmat etdim. Ýahudylaryň garşyma guran dildüwşüklerine we synaglaryna duçar boldum.


Ol ýerde üç aýlap galdy. Soňra Siriýa gämili gitmekçi bolanda, ýahudylaryň özüne garşy duzak gurandygyny bilip, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmak kararyna geldi.


Dawa-jenjel şeýle bir gyzdy welin, müňbaşy olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder edip, esgerlere gelip, ony olaryň arasyndan süýräp çykaryp, gala äkitmegi buýurdy.


Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler.


Tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, esgerler olary öldürmekçi boldular.


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Biz görgüdir muşakgatlary çekýäris, yzarlanmalara, açlyga, mätäçlige duçar bolýarys, howp-hatara we ölüm howpuna sezewar edilýäris. Eýsem bularyň bary bizi Isa Mesihiň söýgüsinden aýryp bilermi? Elbetde, ýok! Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:


Biz hem näme üçin özümizi sagatsaýyn howp astyna salýarkak?


Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!»


Damask şäherinde Areta patyşanyň welaýat häkimi meni tussag etmek üçin, şäheri gözegçilik astynda saklaýardy. Emma meni sebede salyp, şäheriň diwaryndaky penjireden aşak salladylar. Şeýdip, onuň elinden halas boldum.


Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ