Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 11:22 - Mukaddes Kitap

22 Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Олар еврейми? Мен-де еврейдирин! Олар ысрайыллымы? Мен-де ысрайыллыдырын! Олар Ыбрайымың неслими? Мен-де Ыбрайымың неслидирин!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 11:22
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, biziň Hudaýymyz, Sen bu ýurduň ilatyny Öz halkyň Ysraýylyň öňünden kowup çykaryp, ýurdy dostuň Ybraýymyň nesillerine ebedilik berdiň.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.


Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb, ine, şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine, sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň.


Soňra Reb Musa: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler’.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, faraonyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir!


«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.


Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.


Indi şuny soraýyn: eýsem Hudaý Öz halkyny ret edäýdimikä? Elbetde, ýok! Men-de Ybraýymyň neslinden, benýamin tiresinden bolan ysraýyllaryň biridirin.


Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir.


Men dünýä inenimden sekizlenji günde sünnet edilendirin. Men ysraýyl halkynyň benýamin tiresinden bolup, ýewreýleriň ýewreýidirin. Ýahudylaryň Kanunyny berjaý etmek babatda hem fariseýdirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ