Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 11:20 - Mukaddes Kitap

20 Hawa, siz gul edilýändigiňize, hakyňyzyň iýilýändigine, özüňize zulum edilýändigiňize, tekepbirlere, şapbatlara şeýle çydamly ahyryn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Хава, сиз гул эдилйәндигиңизе, хакыңызың ийилйәндигине, өзүңизе зулум эдилйәндигиңизе, текепбирлере, шапбатлара шейле чыдамлы ахырын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 11:20
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özümi urýanlara arkamy, sakgalymy ütýänlere ýaňagymy tutdum; masgaralanmakdan, tüýkürmeden ýüzümi gizlemedim.


Özüni urana ýaňagyny tutsun, masgaralanmakdan doly bolsun.


Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar».


Bir ýaňagyňa urana beýleki ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma.


Biz heniz hem aç-suwsuz, eşiklerimiz sal-saldyr. Biz ýenjilýäris, öýsüz-öwzarsyz sergezdandyrys.


Biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürmekçi bolamzok, tersine, şatlygyňyzyň hatyrasyna siz bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Çünki siz imanda berk dursuňyz.


Bu ýaraglar bilen Hudaý baradaky bilime garşy çykýan her belentligi ýumurýarys, her pikiri ýesirlige alyp, ony Isa Mesihe tabyn edýäris.


Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.


Meniň size agram salmandygym bilen ylalaşýarsyňyz. Emma şonda-da mekirlik edip, sizi hile bilen tutupdyryn diýip, meni aýyplaýarsyňyz.


Sünnetlenme meselesi käbir dogansumaklar zerarly ýüze çykypdy. Olar bizi gul etmek üçin, aramyza ogrynça sümlüp, Isa Mesih arkaly alan azatlygymyzy gizlinlikde aňtadylar.


Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny aňladyp, häzirki Iýerusalime hem meňzeýär. Sebäbi ol çagalary bilen gulçulykdadyr.


Biz hem çaga ýaly bolanymyzda, bu dünýäniň esasy ýörelgeleriniň guludyk.


Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?


Isa Mesih bizi azat etmek üçin boşatdy. Şonuň üçin-de berk duruň, gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň.


Siziň başgaça pikir etmejekdigiňiz babatda Reb meni ynandyrýar. Siziň pikiriňizi bulaşdyrýan kim bolsa bolubersin, ol öz jezasyny çeker.


Tende oňat görnesi gelýänler sizi sünnetlenmäge mejbur edýärler. Olar Mesihiň haçy sebäpli yzarlanmakdan gorkup şeýle edýärler.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Bilşiňiz ýaly, biz size ýaranjaňlyk etmedik, öz bähbidimizi aramadyk. Hudaý muňa şaýatdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ