Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




2 Korintoslylar 11:15 - Mukaddes Kitap

15 Şoňa görä, onuň ülpetleriniň-de dogrulyk hyzmatkärleriniň keşbine girmegi geň zat däldir. Ýöne olaryň soňy eden işlerine görä bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Шоңа гөрә, онуң үлпетлериниң-де догрулык хызматкәрлериниң кешбине гирмеги гең зат дәлдир. Йөне оларың соңы эден ишлерине гөрә болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




2 Korintoslylar 11:15
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Nagamanyň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: «Eý, atamyz, eger pygamber saňa bir kyn iş buýran bolsa, sen ony etmezmidiň? Onuň saňa bar aýdan zady: „Ýuwun-da, tämiz bol“. Bu dagy nämejik?!» diýdiler.


Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Nehelamly Şemagýa Men-Rebbiň garşysyna gepländigi üçin ony we onuň neslini jezalandyraryn. Bu halkyň arasynda onuň neslinden ýekeje kişi hem aman galmaz, Meniň Öz halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Muny Reb aýdýandyr“».


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Meniň ynjatmak islemedik dogruçyl kişimiň ýüregini ýalan zatlar bilen ynjatdyňyz we erbet adam öz erbet ýolundan dönüp, diri galmaz ýaly, onuň goluna kuwwat berdiňiz.


«Eý, iblis ogly! Sen ähli dogrulygyň duşmanysyň. Seniň ýüregiň her dürli hileden we galplykdan doly. Rebbiň hak ýoluny ýoýmagyňy haçan bes etjek?


Şol gün Hudaý her kime eden işine görä gaýtarar.


Ýagşylygy artdyrmak üçin, belki, biz ýamanlyk etmelidiris? Elbetde, ýok! Ýöne käbir adamlar men hut şeýle zatlary öwredýärmişim diýip, maňa töhmet baryny ýapýarlar. Şeýle töhmetçiler öz edenlerine laýyk jeza alarlar.


Biz araňyzda ruhy zatlary ekip, sizden maddy hasyly orsak, muny juda köp görersiňizmi?


Şeýle adamlar galp resullardyr. Olar Mesihiň resullarynyň keşbine girýän kezzap işgärlerdir.


Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.


Eger adamlary höküm edýän hyzmat şöhratly bolan bolsa, onda adamlary Hudaýyň nazarynda aklaýan hyzmatyň şöhraty ondan-da beýikdir.


Sebäbi biziň söweşimiz ynsanlara garşy däldir! Tersine, biz tümlügiň ruhy hökümdarlaryna we erk-ygtyýarlylaryna, şeýle-de gökdäki ýowuz ruhy güýçlere garşy söweşýäris.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


Sebäbi käbir hudaýsyzlar ogrynça araňyza sümlüp girdiler. Olar Hudaýyň ajaýyp merhemeti bize azgynlyk etmäge ygtyýar berýär diýip öwredýärler we ýeke-täk Hojaýynymyz we Rebbimiz Isa Mesihi ret edýärler. Şeýle adamlaryň jezasy gadymdan bäri ýazylyp goýlandyr.


Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.


Gören jandarym gaplaňa meňzeýärdi. Aýaklary aýynyň aýaklary ýaly, agzy bolsa arslanyň agzy ýalydy. Aždarha bu jandara öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýaryny berdi.


Olara düýpsüz dowzahyň perişdesi hökümdarlyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe bolsa Apolliýondyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ